Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Garrylar öýüniň elýeterliligi


Aşgabatdaky Garrylar öýi
Aşgabatdaky Garrylar öýi

Paýtagtyň ümsüm hasaplanýan raýonlarynyň birinde, Bagtyýarlyk (öňki S.Nyýazow) etrabynyň häkimliginiň ýakynynda ýerleşýän garrylaryň öý-internaty daşyndan sowet döwrüniň çagalar bagyny ýadyňa salýar. Daşy haýatly giň howly. Bir gatly birnäçe jaýlar. Howludaky köpýyllyk baglar bolsa bu ýerini sowet döwrüniň dynç alyş öýüne meňzedýär.

Garrylar öýüniň sanitarlarynyň biriniň aýtmagyna görä, paýtagtyň Sokolowskiý köçesinde ýerleşen garrylaryň bu öý-internatynda 40 töweregi adam ýaşaýar. Bir gatly jaýlardaky otaglarda hossarsyz galan garrylar iki-ikiden ýaşaýarlar. Olaryň otaglarynda kondisioner, sowutgyç (holodilnik), telewizor bar.

Bu öýüň ýaşaýjylary üçin, köne bolsa-da, hammam bar. Ýagdaýy bolmadyk garrylary suwa düşürmek üçin ýörite sanitarlar bar. Garrylar öýüniň sanitarlarynyň aýtmaklaryna görä, olaryň hossarlygyndaky adamlara üç wagtyna tagamly nahar berilýär. Garrylar öýünde ýaşaýanlar egin-eşik bilen hem üpjün edilýär.

Garrylar öýi. Aşgabat
Garrylar öýi. Aşgabat

Olaryň aýtmaklaryna görä, garrylar öýüne sadaka hökmünde eltilýän zatlar hem az däl. Käbir adamlar egin-eşik eltseler, käbirleri azyk önümlerini eltip sadaka berýärler. Bu öýüň hususy telekeçilerden sponsorlarynyň hem bardygy aýdylýar.

Mundan başga-da bu internat-öýüniň ýaşaýjylary elmydama lukmanlaryň gözegçiliginde. Ýeri gelende aýtsak, bu öý-internat Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we Derman senagaty ministrliginiň Aşgabat şäher Saglygy goraýyş müdirligine degişli.

Garrylar üçin medisina hyzmatlary mugt. Gürrüňi edilýän öý-internatynyň işgäriniň aýtmagyna görä, olar elmydama medisina barlaglaryndan geçýärler. Aradan çykan garrylary jaýlamak üçin çykdajylary hem bu edara öz üstüne alýar.

Ýerleşmegiň kynçylyklary

Umuman garrylaryň öý-internatynda ýaşaýanlar üçin ýeterlik derejede oňat şertler döredilipdir. Emma bu öý-internatynda her bir garry adam ýaşap bilmeýär. Mysal üçin, dokumentlerini ýitiren ýa-da öýsüz-öwzarsyz galan garrylar bu öýe kabul edilmeýär.

Çünki bu öý-internatynda ýerleşmek üçin zerur bolan dokumentleriň arasynda domuprawleniýeden, ýagny öý-hojalyk uprawleniýesinden ýaşaýan ýeri baradaky 3-nji formaly sprawkany, poliklinikadan saglyk ýagdaýy baradaky we sosial üpjünçilik edarasyndan pensiýasy baradaky sprawkalary eltip bermeli.

Eger-de öý-hojalyk uprawleniýesinden alan 3-nji formaly sprawkasynda onuň bilen bir jaýda ýene-de ýazgyda duran adam bar bolsa, onda ol garrynyň garrylar öýüne kabul edilmeýändigini Aşgabadyň Saglygy goraýyş müdirliginde habar berdiler.

Şol bir wagtda hem pensiýasyz garrylaryň garrylar öýüne kabul edilýändigi ýa-da edilmeýändigi barada paýtagtyň Saglygy goraýyş müdirliginde hiç hili kommentariý bermediler.

Paýtagtyň maýyplar we garrylar öýlerinde berlen maglumata görä, garrylaryň pensiýalarynyň 80%-i bu öýe geçirilip, pensioneriň öz eline sowalga üçin galan 20%-i berilýär. Garrylar öýüniň işgäriniň aýtmagyna görä, garrylaryň pensiýasynyň 80%-i gojalan adamlary garrylar öýünde saklamak üçin sarp edilýär.

Şeýle-de bu öýe ýerleşen adamyň ýaşaýyş jaýynyň hem döwetiň hasabyna geçirilýändigini garrylar öýüniň işgäri aýtdy.

Ýurtda edil häzirki wagtda näçe sany garrylar öýüniň bardygy hem-de olarda näçe adamyň ýaşaýandygy baradaky statistik maglumatlar elýeterli däl. Emma Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýyllyk statistik neşirindäki maglumatdan çen tutsaň, onda 2012-nji ýylyň ahyrynda ýurt boýunça garrylar we uly ýaşly maýyplar üçin dört sany öý-internatlary bolup, olarda jemi 400 sany orun bar eken we şol wagt agzalýan öý-internatlarda 234 sany garrylar we uly ýaşly maýyplar saklanypdyr.

XS
SM
MD
LG