Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama: "Al-Kaýdanyň" lideri Osama bin Laden öldi

2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Birleşen Ştatlara edilen terrorçylykly hüjümiň üstünden takmynan 10 ýyl geçensoň, “Al-Kaýdanyň” lideri Osama bin Laden amerikanlaryň Pakistanda geçiren operasiýasy netijesinde öldürildi.

Osama bin Ladeniň öldürilendigi yglan edildi
please wait

No media source currently available

0:00 0:04:41 0:00

Wideo: Prezident Obama "Al-Kaýdanyň" lideri Bin Ladeniň öldürilendigini yglan edýär.

Prezident Barak Obama öten agşam onuň Pakistanyň paýtagty Yslamabadyň golaýynda Abbottabatda geçirilen bir operasiýada öldürilendigi baradaky habary halka ýetirdi.

"Men bu gije "Al-Kaýdanyň" başlygy, müňlerçe bigünä erkekleriň, aýallaryň we çagalaryň ganyna galan Osama bin Ladeniň Birleşen Ştatlar tarapyndan alnyp barlan harby operasiýada öldürilendigini habar berip bilýärin" diýip, Obama aýtdy.

Prezident: "Adalat ýerine ýetdi" diýdi.

"Bin Ladeniň ölümi biziň milletimiziň "Al-Kaýdany" ýeňmek barada eden tagallasynda şu wagta çenli ýetilen iň möhüm sepgit bolup durýar. Ýöne onuň ölümi bu tagallanyň soňy däl. "Al-Kaýdanyň" biziň garşymyza edýän hüjümlerini dowam etdirjekdigine şübhe ýok. Biz ýurduň içinde hem daşynda hüşgär bolmaly" diýip, Obama nygtady.

"Möhüm sepgit”

Bu habar terrorizme garşy göreşde gazanylan ýeňiş hökmünde tutuş dünýäde oňat garşylandy. Waşingtonda we Nýu Ýorkda adamlar köçelere çykyp, özleriniň begençli duýgularyny beýan etdiler.

Ýöne munuň "Al-Kaýda" we global terrorizme nähili täsir etjekdigi belli däl. Günbatar ýolbaşçylarynyň käbiri: "Öç almak üçin edilen hüjümleriň bolmagy mümkin" diýip, duýduryş berýärler.

Osama bin Laden: Terroristiň durmuşy

15 ýaşly Osama bin Laden özüniň ýakynlary bilen Şwesiýada, 1971-nji ýyl.
1/13 15 ýaşly Osama bin Laden özüniň ýakynlary bilen Şwesiýada, 1971-nji ýyl.
Osama bin Laden Owganystanyň Jalalabad regionyndaky gowakda, 1988-nji ýyl.
2/13 Osama bin Laden Owganystanyň Jalalabad regionyndaky gowakda, 1988-nji ýyl.
Osama bin Laden Owganystanyň Jalalabad regionynda, 1989-njy ýyl.
3/13 Osama bin Laden Owganystanyň Jalalabad regionynda, 1989-njy ýyl.
CNN-iň žurnalisti Piter Arnett Owganystanyň Tora Bora daglarynda Osame bin Laden bilen interwýu geçirenden soň, 1997-nji ýylyň mart aýy.
4/13 CNN-iň žurnalisti Piter Arnett Owganystanyň Tora Bora daglarynda Osame bin Laden bilen interwýu geçirenden soň, 1997-nji ýylyň mart aýy.
Osama bin Laden Jeddahda saudlaryň milli geýminde, 1988-nji ýyl.
5/13 Osama bin Laden Jeddahda saudlaryň milli geýminde, 1988-nji ýyl.
1998-nji ýylyň awgust aýynda Kenýanyň paýtagty Nairobidäki ABŞ-nyň ilçihanasyna edilen hüjümi “Al-Kaýda” planlaşdyrypdy. Hüjümde 200 adam öldi.
6/13 1998-nji ýylyň awgust aýynda Kenýanyň paýtagty Nairobidäki ABŞ-nyň ilçihanasyna edilen hüjümi “Al-Kaýda” planlaşdyrypdy. Hüjümde 200 adam öldi.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Medlin Olbraýt (ortada) Tanzaniýanyň paýtagty Dar es Salaamdaky ABŞ-nyň ilçihanasynyň binasynyň ýanynda, 1998-nji ýylyň awgust aýy. Bu ilçihana “Al-Kaýda” bomba hüjümini amala aşyrypdy. Wakada 11 adam heläk boldy.
7/13 ABŞ-nyň Döwlet sekretary Medlin Olbraýt (ortada) Tanzaniýanyň paýtagty Dar es Salaamdaky ABŞ-nyň ilçihanasynyň binasynyň ýanynda, 1998-nji ýylyň awgust aýy. Bu ilçihana “Al-Kaýda” bomba hüjümini amala aşyrypdy. Wakada 11 adam heläk boldy.
2000-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Ýemeniň “Aden” portunda “USS Cole” gämisine bomba hüjümi edildi. Wakada ABŞ-nyň 17 gullukçysy heläk boldy.
8/13 2000-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Ýemeniň “Aden” portunda “USS Cole” gämisine bomba hüjümi edildi. Wakada ABŞ-nyň 17 gullukçysy heläk boldy.
Osama bin Laden (sagda) öz ogly Mohammed (ortada) we ýakyn egindeşleriniň biri Mohammed Atef bilen Kandaharda, 2001-nji ýylyň ýanwar aýy.
9/13 Osama bin Laden (sagda) öz ogly Mohammed (ortada) we ýakyn egindeşleriniň biri Mohammed Atef bilen Kandaharda, 2001-nji ýylyň ýanwar aýy.
Dünýä söwda merkezine edilen hüjümden soň, 2001-nji ýylyň sentýabr aýy.
10/13 Dünýä söwda merkezine edilen hüjümden soň, 2001-nji ýylyň sentýabr aýy.
2001-nji ýylyň noýabr aýynda düşülen bu suratda Osama bin Laden özüniň orunbasary Aýman al-Zawahri bilen Owganystanda gizlin bir ýerde otyr.
11/13 2001-nji ýylyň noýabr aýynda düşülen bu suratda Osama bin Laden özüniň orunbasary Aýman al-Zawahri bilen Owganystanda gizlin bir ýerde otyr.
Owgan söweşijileri Tora Bora dagynda Osama bin Ladeniň gizlenen gowaklarynyň biriniň ýanynda, 2001-nji ýylyň dekabr aýy.
12/13 Owgan söweşijileri Tora Bora dagynda Osama bin Ladeniň gizlenen gowaklarynyň biriniň ýanynda, 2001-nji ýylyň dekabr aýy.
Owgan söweşijileri Osama bin Ladeniň gizlenen ýeri diýlip habar berlen “Al-Kaýdanyň” mekanlarynyň birine hüjüm edýärler, 2001-nji ýylyň dekabr aýy.
13/13 Owgan söweşijileri Osama bin Ladeniň gizlenen ýeri diýlip habar berlen “Al-Kaýdanyň” mekanlarynyň birine hüjüm edýärler, 2001-nji ýylyň dekabr aýy.
Previous slide
Next slide

Fotosýužet: Terroristiň durmuşy

Saud Arabystanly gurply gurluşykçy maşgaladan bolan Osama bin Laden sowetler Owganystana çozup gireninden az salym soň, mujahetlere goşuldy. Onuň yzyna eýeren araplar soňra "Al-Kaýdanyň" özenini emele getirdiler.

Nýu Ýorkda adamlar köçelere çykyp, özleriniň begençli duýgularyny beýan etdiler, 2-nji maý.
Waşingtonda adamlar Ak Tamyň öňüne üýşüşip, "ABŞ, ABŞ, ABŞ" diýip gygyryşdylar. Olaryň biri öz duýgusyny şeýle beýan etdi: "Meniň pikirimçe, terrora garşy uruşda bu bir möhüm sepgit. Bu terrora garşy urşuň ugry barada halkyň özüni howpsuz duýmagyna sebäp bolar. Şeýle hem adamlar biziň terrora garşy çynymyz bilen uruş alyp barýandygymyzy bilerler".

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama "Al-Kaýdanyň" lideri Bin Ladeniň nirededigini tapmakda Pakistanyň howpsuzlyk işgärleriniň amerikanlara kömek edendigini aýdyp, eden hyzmatdaşlygy üçin Pakistanyň prezidenti Asif Ali Zardara minnetdarlyk bildirdi.

Prezident Obama: "Şeýle hem biz Birleşen Ştatlaryň yslam bilen uruşda däldigini we hiç haçan uruşda bolmajakdygyny tassyklamalydyrys. Men ozal açyk aýtdym. 11-nji sentýabrdan az salym soň, muny prezident Buş-da aýtdy: biziň urşumyz yslama garşy däl. Bin Laden musulmanlaryň ýolbaşçysy däl. Ol musulmanlary köpçülikleýin gyran adam. "Al-Kaýda" köp ýurtlarda, şol sanda biziň ýurdumyzda-da, köp musulmanlary öldürdi. Şol sebäpden onuň ölümini asudalyga, adam mertebesine ynanýanlaryň hemmesi gutlamaly".

Dünýä ýolbaşçylarynyň reaksiýasy

Dünýä ýolbaşçylary Bin Ladeniň ölüm habaryny terrorizme garşy göreşde gazanylan ýeňiş diýip gutladylar. Türkiýäniň prezidenti Abdullah Gül: "Bin Ladeniň ölümi beýleki terroristlere we terroristik guramalaryň ýolbaşçylaryna duýduryş bolup hyzmat etmeli" diýdi.

Kreml hem Osama bin Ladeniň ölümini uly ýeňiş diýip häsiýetlendirip, terrora garşy göreşde özüniň Waşington bilen edýän hyzmatdaşlygyny artdyrmaga taýýardygyny bildirdi.

Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý "Talibany" bin Ladeniň ölümini sapak edinmäge çagyrdy: "Men "Talibany" düýn Abbottabatda bolan wakadan sapak alyp, uruşdan saklanmaga, öz ýurtlaryny weýran etmekden, öz doganlaryny, musulmanlary we öz watanlarynyň çagalaryny öldürmekden saklanmaga çagyrýaryn. Olar parahatçylygyň we howpsuzlygyň tarapyna geçip, öz ýurtlaryny bu betbagtçylykdan, bu bulagaýlykdan goramaly. Olar şu wagta çenli sapak almadyk bolsalar, şu gün düşünendirler diýip umyt edýärin".

Ýöne: "Terrorizme garşy uruş entek soňlananok. "Al-Kaýdanyň" zarba urmagy mümkin" diýip, duýduryş beýänler-de bar. Fransuz prezidenti Nikolýa Sarkozi: "Bin Ladeniň ölümi "Al-Kaýdanyň" aradan gidendigini aňladanok" diýip, duýduryş berdi.

Britaniýanyň premýer-ministri Dawid Kameron hem halky öňümizdäki hepdelerde hüşgärlige çagyrdy.
XS
SM
MD
LG