Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ioan Pawel II Taňry ýalkanlaryň hataryna goşuldy


Rim katolik kelisesi 6 ýyl mundan ozal aradan çykan ruhany Ioan Pawel II-ni Taňry ýalkan adamlaryň hataryna goşdy.

Rimiň şäher polisiýasy bu waka bilen bagly geçirilen çärelere gatnaşmak üçin Watikana milliona golaý adamyň gelendigini habar berdi.

Asly polşaly Ioan Pawel II-ä bagyşlanan bu dabaralara diňe Polşanyň özünden onlarça müň adamyň barandygy aýdylýar.

Rim katolik kelisesinde Taňry ýalkan adamlaryň hataryna goşulan şahsyýet soň keramatly adamlaryň sanawyna girizilýär.

Bu çärä dünýaniň dürli ýurtlaryndan 90-a golaý resmi delegasiýanyň gatnaşandygy aýdylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG