“Ew, bu nämäniň alamaty-how, Hudaý saklawersin-how... 150 manatdan, 140 manatdan hem bir et bormy-how? Hä?! Men bu tema arkaýynçylykda gelerin, etiň zadyň temasyna. Şu wagt kän gürlemäýin, bir ýerä gidip barýan... Ýa siz eti arzanladarsyňyz, ýa-da biz eti taşlarys” – bu TikTok sosial ulgamynda “Hitrowskin” lakamly ulanyjynyň, görnüşinden, ýutdaky barha ýitileşýän et meselesine ünsi çekip çap eden iň soňky wideolarynyň birinde aýdan sözleri boldy.
Noýabryň aýagynda çap edilen bu wideodan bäri, “Hitrowskin” köpçüligiň gözünden ýitirim boldy we onuň soňky ykbaly bilen bagly, şol sanda pajygaly netijeleri boýunça tassyklanmadyk dürli maglumatlar peýda boldy.
“Hitrowskiniň” ýurtdaky sosial meseleler, jemgyýetde häkimiýete ýakyndygy aýdylýan şahsyýetler barada, şol sanda gahar-gazaply wideolary, metbugat azatlygyny berk çäklendirýän Türkmenistanda sosial media ulanyjylarynyň arasynda giňden tomaşa edilýärdi we onuň gozgaýan meseleleri barada dürli garaýyşly çekişmeler alnyp barylýardy.
Hakyky ady Didardygy we Aşgabadyň “Hitrowka” diýlip bilinýän sebitinden bolandygy aýdylýan bu blogger, häkimiýetleriň boýun almaýan etiň barha gymmatlamagy bilen bagly çykaran wideosyndan soň köpçüligiň öňünden ýitirim bolmagy hem köp sanly çekişmeleri we pikirleri döretdi.
Tassyklanmadyk dürli pikirler
“Hitrowskiniň” soňky çykyşy bilen bagly sosial mediada çykarylan onlarça wideolarda we olaryň aşagynda goýlan ýüzlerçe kommentariýalarda, onuň ‘häkimiýetlere açyk garşy’ çykmagy sebäpli, ondan ar alnan bolmagynyň mümkindigini öňe sürýänler hem bar.
Galyberse-de, ulanjylaryň arasynda onuň bilen şahsy tanyşlygynyň bardygyny aýdyp, “bu Didarjanyň soňky sözleri boldy” diýip, onuň ölendigini, noýabryň aýaklarynda jaýlanandygyny öňe sürýänler-de bar. Dünýäniň iň bir ýapyk we awtoritar ýurdy Türkmenistanda bu maglumatlary garaşsyz ýagdaýda barlamak ýa-da häkimiýetleriň bu barada teswirlerini almak mümkin däl.
Bloggeri şahsy tanaýandygyny aýdan ulanyjylardan onuň soňky ykbalyny aýdyňlaşdyrmak soralanda: “Bular ýaly zatlar açyk aýdylmaýar”, “Düşünen düşünýär”... diýen äheňde göni jogap bermekden saklanýarlar.
Şol bir wagtda, Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri “Hitrowskiniň” ýitirim bolmagy, onuň ykbaly, muňa dahylly bolmagy mümkin taraplar we şahslar barada maglumatlary toplamagy başarsalar-da, olaryň köplenç bir çeşmä esaslanýandygy sebäpli, olary häzirlikçe çap etmekden saklanýarys.
"Teswir ýazýanlar hem soraga çekilýär"
“Hitrowskiniň” tassyklanmadyk sebäpler bilen köpçüligiň öňünden ýitirim bolmagy, häkimiýetleriň ýurtdaky meseleleri, özleriniň duş bolýan ‘adalatsyzlyklary’ barada tankydy çykyşlary edýän ulanjylary soraga çekip, haýbat atyp gorkuzmak synanyşyklaryny ýaýbaňladýan wagtyna gabat geldi.
Dürli sebitlerdäki habarçylarymyz, TikTokdaky hökümetçi hasaplaryň aşagynda tankydy pikirleri ýazýanlary, resmi mediada aýdylýan zatlar bilen, hakyky durmuşyň arasynda ‘uly aratapwudyň bardygyna” ünsi çekip kommentariýa goýýan ulanjylary hem anyklamak boýunça kampaniýanyň alnyp barylýandygyny aýdýarlar.
“Şu hepdäniň başyndan bäri Balkanyň MHM we Polisiýanyň Kiberhowpsulzyk bölümleriniň işgärleri öňünden hiç hili sebäp getirmän etrap we welaýat polisiýa bölümlerine çagyryp başladylar. Olar syýasy garaýyşlar we sosial mediada hökümete garşy tewsirleri ýazyp-ýazmaýandygy ýa-da şular ýaly ulanjylary tanaýandygy bilen gyzyklanýarlar. Olar hiç düşündiriş bermän, mobil telefonlary hem alyp galýarlar. Özleri barlag geçirip gutarandan soň gaýtaryp berjekdigini aýdýarlar” diýip, bu ýagdaýlary başdan geçiren balkanabatly bir ýaşaýjy habarçymyza gürrüň berdi.
Ol [mhm ofiseri] hatda ‘Hitrowskiniň’ adyny hem tutup, onuň ‘ykbalynyň’ bizlere ‘sapak’ bolmalydygyny aýtdy, nämäni göz öňünde tutan bolsa-da
Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonomlik şertinde maglumat beren ýene bir ýaşaýjy, “Hitrowskiniň” et bilen bagly çap eden wideosynyň aşagynda, onuň heläk bolandygy baradaky tassyklanmadyk maglumatlar boýunça onuň maşgalasyna duýgudaşlyk teswirini ýazany üçin hem, soraga çekilendigini aýtdy.
Ol sorag edilen mahaly MHM-niň ýerli bir işgäriniň oňa açyk haýbat atandygy baradaky sözlerini hem getirdi: “Ofiserleriň biri üstüme azgarylyp: ‘eşidýänsiňiz, Arkadaga garşy tankydy pikir aýdan ýa-da daşary ýurtlardaky garaşsyz media serişdeleri bilen hyzmatdaşlyk eden raýatlaryň nä günlere düşýändigini. Näme, siziň kelläňiz indi iki boldumy; birini kesseler, beýlekisi bilen ýaşamagy dowam etdirer ýaly?! Hökümeti tankytlamaň ýa-da ‘Watan habarlary’ we beýleki döwlete degişli TikTok sahypalaryna erbet komentarýa ýazmaň, işimizi köpeltmäň. Öz janyňyza öz rehimiňiz gelsin’ diýip, köpmanyly gürledi. Ol hatda ‘Hitrowskiniň’ adyny hem tutup, onuň ‘ykbalynyň’ bizlere ‘sapak’ bolmaldygyny aýtdy, nämäni göz öňünde tutan bolsa-da” diýip, 20 ýaşlaryndaky balkanly söhbetdeşimiz belledi.
Türkmen häkimiýetleriniň sosial media ulanjylaryna garşy alyp barýan kampaniýasy soňky döwürler hasam ýygjamlaşdy. Muňa ýurt ýaşaýjylarynyň ýüzbe-ýüz bolýan güdelik kynçylyklaryny, häkimiýetleriň eden-etdiligini açyk aýdyp çykarýan nägilelikli wideolarynyň barha artmagynyň sebäp bolýandygy bellenilýär.
Azatlyk bilen söhbetdeş bolýan ýerli synçylaryň aýtmagyna görä, bu ýagdaýlar dünýäniň iň bir repressiw ýurtlarynyň biriniň ýaşaýjylarynyň döwlet senzurasyndan geçip bilmeýän habarlary alyp, olar barada pikir alyşmaklarynyň adaty bir ýagdaýa öwrülýändigini, türkmen režiminiň pikir-düşünje gözegçiliginiň ‘suw saklamaýan gum böwede öwrülendigini’ görkezýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum