Pajygaly wakanyň yzýany Moskwanyň milisiýasynyň ýolbaşçysy Wladimir Pronin, Ýewsýukowyň professional taýdan gowy işgärdigini aýdyp, onuň eden etmişine psihikasynyň üýtgemeginiň sebäp bolanlygyny derňewiň kesgitlänligini habar berdi. Emma şol waka köp orsýetlilere örän aýylganç göründi. Derňewler netijesinde, Ýewsýukowyň ot açan ýaragynyň, ençeme ýyl mundan ozal Çeçenistanda ele salynan emma soň ýitirim bolan ýaragdygy anyklandy.
Şol wakanyň yzýany soň çap bolan maglumatlarda, Ýewsýukowyň Tsaritsino raýonyny özüçe dolandyryp, jenaýatçylyklaryň hasabatyny galplaşdyrmak we jogapkärçilikden sypmak isleýän adamlardan para almak ýaly jenatlara baş goşanlygy habar berildi.
Ýeke-täk waka däl
Emma Ýewsýukowyň işi, Moskwada kanuny goraýjylaryň eden-etdiliklerine degişli ýeke-täk waka däl. Söwda merkezindäki ok atyşyk bilen bagly pajygaly wakadan bäri Orsýetde milisiýa işgärleriniň gatnaşmagynda birnäçe waka ýüze çykdy.
Ýakynda Moskwada içgili milisiýa işgäri göwreli aýaly atyp öldürdi, beýleki milisiýa ofiseri artdyrylan geroin dozasyndan heläk boldy. Ýene bir milisiýa işgäri öz aýalyny paltalady. Şeýle-de Moskwanyň Wnukowo aeroportynda ýolagçylardan 30 million rubldan gowrak pul ogurlamakda aýyplanýan milisionerler toparynyň ele salynanlygy habar berildi.
Ynsan hukuklaryny goraýjylar milisiýanyň eden-etdilikli hereketlerine köpden bäri aladalanma bildirip gelýärler. Käbir maglumatlarda Orsýetiň raýatlarynyň her 25 adamdan birisiniň kanuny goraýjy organlarynyň zulumyna duçar bolanlygy aýdylýar.
Her kimiň arzy bar
Kanuny goraýjy organlaryň işgärleriniň bikanunçylyklara baş goşmagy netijesinde ýurduň her bir raýaty diýen ýaly öz durmuşynda milisiýanyň gatnaşmagynda bolan wakalar barada gürrüň berip bilýär.
George Suhomyro Orsýetiň uzak gündogarynda ýerleşýän Dalnegorsk şäheriniň disko klublarynyň birinde iki ýyl mundan ozal bolan waka barada gürrüň berip, milisiýa tarapyndan disko edilen hüjüm netijesinde ýaşlaryň urulyp ýenjilenligini we yzýany milisiýa äkidilenligini ýatlady. Emma şol waka bilen baglylykda, Dalnegorsk şäheriniň milisiýasyna garşy hiç hili işiň gozgalmanlygyny George Suhomyro aýtdy.
Hökümede degişli bolmadyk “Obşestwennyý Prigowor” atly guramanyň müdiri Natalia Taubinanyň sözlerine görä, Orsýetde milisiýa işgärleriniň öz wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmagy bilen bagly waklar gitdigiçe köpelýär. “Soňky 5 ýylyň dowamynda ýagdaýyň hasam ýaramazlaşanlygyny görmek mümkin. Tsaritsinodaky pajygaly waka ýagdaýyň erbetleşýänliginiň bir mysaly bolup durýar. Mundan 5 ýyl mundan öň şeýle wakanyň ýüze çykjagyny çak etmek kyndy. Häzirki wagtda bolsa şeýle hadysalar barada häli-şindi habar berilip dur. Olar günde bolmasa-da, yzygiderli häsiýete eýe boldy.”