Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti BMG-niň wekilleri bilen duşuşdy


15-nji iýulda Türkmenistanyň prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa boýunça ykdysady komissiýasynyň ýerine ýetirji sekretary Ýan Kubiş bilen Türkmenbaşy şäherinde duşuşypdyr. Bu barada “Altyn asyr” internet gazety maglumat ýaýratdy.

Ýan Kubiş, Türkmenistanda “Altyn asyr” kölüniň hem-de “Awaza” erkin turistik zolagynyň açylmagy bilen Türkmenistanyň prezidentini gutlapdyr.

Duşuşyga BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Merkezi Aziyadaky merkeziň ýolbaşçysy ilçi Miroslaw Ýença hem gatnaşypdyr.
XS
SM
MD
LG