Bosgunlykdaky uýgur aktiwisti şu aýyň başynda Hytaýyň Sinjaň sebitinde bolan etniki gozgalaňlardan soň 10 müňe golaý adamyň “ýitirim” bolandygyny aýtdy.
Dünýä uýgur kongresiniň başlygy Rabiýa Kadir Ýaponiýa sapary mahalynda eden çykyşynda Birleşen Ştatlaryň Sinjaň bidüzgünçiligine jogabyndan hem “lapykeç” bolandygyny dile getirdi. Ol bu hadysalary halkara derejesinde derňemäge çagyrdy.
Hytaý Kadiri zorluga meçew bermekde aýyplaýar, emma Birleşen Ştatlarda ýaşaýan uýgur aktiwisti bu aýyplamany ret edýär.