Aşgabatda geçen aýda, Bütindünýä çagalar güni mynasybetli geçirilen çärelere gatnaşanlar, metbugat habarlaryna görä, ýurtda ösüp gelýän ýaş nesiller baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendigini öňe sürdüler. Bu çäreler türkmen raýatlarynyň sosial mediada zähmet migrasiýasy, ene-atasyndan aýralykda ulalýan çagalar barada edýän zeýrençli gürrüňleriniň has ýygjamlaşan wagtyna gabat geldi.
Azatlyk zähmet migrantlarynyň we olaryň çagalarynyň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada pikirini paýlaşmagyny sorap, “Daýanç” adam hukuklary platformasynyň wekili Diana Dadaşewa bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.
“Daýanç” daşary ýurtda, Türkmenistanyň raýat jemgyýeti hereketi tarapyndan döredilen platforma bolup, Türkmenistanda adam hukuklary we kanunyň hökmürowanlygy meseleleri bilen meşgullanýar, hususan-da hereket azatlygy, maşgalalaryň birleşmegi bilen bagly döreýän hukuk bozulmalarynyň aradan aýrylmagy ugrunda tagalla edýär.
Türkmen raýatlarynyň sosial mediada edýän janagyryly gürrüňleri, habarçylarymyz bilen gürleşýän ýaşaýjylaryň pikirleri esasynda, soňky döwürde dikeldilen “Halkyň sesi” programmayza öz pikirleriňizi, bellikleriňizi we isleg-arzuwlaryňyzy ibermegiňizi hem haýyş edýäris.
Azatlyk Radiosy: Diana, sosial mediada türkmen zähmet migrantlarynyň ýagdaýlary we olaryň çagalarynyň hal-ahwaly barada örän aladaly gürrüňler edilýär. Siz, hukuk goraýjy hökmünde, bu meselede pikir-netijeleriňizi Azatlygyň diňleýjileri bilen paýlaşyp bilmezmisiňiz?
Diana Dadaşewa: Men bu ýagdaýa heläkçilikli ýagdaý hökmünde baha berýärin. Şu günki günde müňlerçe türkmen migranty Türkiýede, Russiýada kanuny durumlary bolmazdan ýaşaýar. Bu olaryň esasy hukuklarynyň bolmazlygynda, zähmet çekmäge, saglyk bejergisine, ýuridiki goraga, çagalaryna bilim bermäge hukuksyz ýagdaýda ýaşaýandygyny aňladýar.
Türkiýede [Aşgabadyň talaby esasynda türkmenistanlylar üçin] wiza düzgüni girizileninden soň, [türkmen migrantlarynyň] ýagdaýy kesgin ýaramazlaşdy. Biziň raýatlarymyzyň köpüsi kanuny ýagdaýa geçip bilmeýär we kezzaplaryň pidasy bolýar. Galp agentlikler uly möçberdäki pula ýaşaýyş rugsatnamasyny resmileşdirip bermegi wada berýärler we soňundan ýitirim bolýarlar.
Russiýada bolsa, Türkmenistanyň raýatlaryna ýaşaýyş rugsadyny, iş ýüzünde, diňe Ukraina garşy urşa gatnaşmak baradaky şertnama gol çekenlerinden soň resmileşdirmegi teklip edýärler. Bu olary aňrybaş derejede ejiz we ruhy taýdan aşak basylan hala salýar.
Zähmet migrantlarynyň [yzda galan] çagalarynyň ýagdaýy has agyr, ene-atasyz galyp, olar duýgy durnuksyzlygynda, gözegçiligiň we goldawyň bolmazlygynda kemala gelýär. Bu ýagdaý olary ýetginjeklik ýaşlarynda aşa jynsy gatnaşyklara, spirtli içgileri içmäge, göwnüçökgünlige, öz janyňa kast etmek pikirlerine, irki nika, [okuwa bolan] ýetişigini ýitirmäge hem-de agressiw gylyk-häsiýetlere alyp gelýär. Bu çagalar aýralygyň çuňňur içerki trawmasy bilen önüp-ösýärler, bu ýerde ne puluň, ne sowgatlaryň, ne-de wideojaňlaryň peýdasy bolýar. Biz terbiýäniň hili hakynda däl, çaganyň ene-atasynyň ýanynda bolmagy baradaky esasy hukuk hakynda gürrüň edýäris, olar hut şu hukukdan mahrum bolýar.
AR: Diana, türkmenistanlylaryň sosial mediada edýän gürrüňlerinden çen tutulsa, olar öz çagalaryny ençeme ýyllap görüp bilmezliklerinden örän nägile bolýarlar. Bu aýralyk olaryň çagalarynyň geljegine nähili täsir edýär?
Diana Dadaşewa: Ene-atalary bilen uzak wagt aýrylykda bolmak çagalar üçin iň agyr trawmalaryň biri bolýar. Bu tasdan olaryň ýitirilmegine barabar diýsek-de bolar. Diňe çaga bu aýralygyň ejrini bir gezek däl, günde we ýyllar boýy çekýär.
Migrantlaryň çagalary taşlanan adamyň duýgusyny we unudylmak gorkusyny başdan geçirýärler. Bu hili çagalar hroniki howsala, ýakynlyk we ynam duýgularynyň bozulmagy, özüne pes baha bermek, sosial izolýasiýa bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar, okuwda we özüni alyp barmakda kynçylyk çekýärler.
Olar tizleşdirilen ýagdaýda ulalýarlar, ýagny çaga kiçi wagtynda uly adam ýaly bolýar... Hususan-da ýetginjeklik döwri howply bolýar. Bu döwürde ýanynda ene-atasy bolmasa, ýetginjek köçeden ýa-da tötänden tanyş bolan adamlaryndan hemaýat, daýanç gözleýär.
Bu ýagdaý irki göwrelilige, çaga düşürtmäge, spirtli içgileri ulanmaga, özüňe zyýan etmäge, agressiýa ýa tersine, doly ýapyklyga alyp gelýär. Bu hili çagalar çuň içerki ýaralar, ruhy trawmalar bilen ösýär we bu ýagdaý olaryň bil baglamak, aragatnaşyk gurmak we dünýäniň howpsuzlygyna ynanmak ukybyna täsir edýär.
AR: Bu meseledäki kynçylyklary azaltmak üçin nämeler edilse gowy bolar? Bu ýerde nähili mümkinçilikler bar?
Diana Dadaşewa: Türkmen migrantlarynyň ýagdaýyny gowulandyrmak üçin ulgamlaýyn çözgütleriň kabul edilmegi gerek. Ozaly bilen, Türkmenistanyň öz raýatlaryna göz ýummagyny bes edip, migasiýa syýasatyna medenileşen görnüşde çemeleşip başlamagy möhüm.
Migrantlar kanuny ýagdaýda, şertnama esasynda, ätiýaçlandyryş we gorag astynda işläp biler ýaly, abadançylykly ýurtlar bilen resmi zähmet ylalaşyklaryny baglaşmak zerur. Wiza düzgünini ýeňilleşdirmeli, ýurtdan çykmagyň esaslandyrylmadyk çäklendirmelerini bes etmeli. Migrantlar dokumentsiz (resminamasyz) galmaz ýaly, daşary ýurt pasportlaryny diplomatiki wekilhanalaryň üsti bilen bermeli, ilçihanalaryň ýanynda ýuristleriň, psihologlaryň, sosial işgärleriň gatnaşmagynda, sahawatçylyk programmasy bilen, migrantlara goldaw merkezini döretmeli. Diasporany medeni klublar hökmünde däl-de, hususan-da kyn, kriziz ýagdaýyna düşen aýallar we çagalar babatynda, hakyky özara kömek merkezi hökmünde ösdürmeli.
Bu hili çäreler Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynda bireýýämden bäri ulanylyp gelinýär. Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň migrantlary bilen deňeşdirilende, türkmen migrantlary iň bir goragsyz adamlar bolup durýar. Sebäbi Türkmenistanda ýurtdan çykmak hukugy çäklendirilen, migrantlaryň maşgalalary ýurt içinde häkimiýetleriň basyşlaryna duçar bolýar, güýçli diaspora ýok, konsullyk goldawlary berilmeýär, migrantlaryň zähmet hukuklary iş ýüzünde hiç ýerde goralmadyk diýsek hem bolar. Türkmen migrantlary iki howpuň arasynda – baran ýurdundaky basyş bilen öz ýurdundaky yzarlanmalardan gorky astynda ýaşaýar.
AR: Azatlygyň söhbetdeş bolan migrantlary ýurda kanuny esasda pul ibermegiň gaty kyndygyny aýdýarlar. Türkmen häkimiýetleriniň migrantlara, şol sanda olaryň çagalaryna iberýän puluna 'çemeleşmesini’ nädip ýumşadyp bolar, bu meselede çykalga görýärsiňizmi?
Diana Dadaşewa: Türkmenistanyň alyp barýan walýuta syýasaty zähmet migrantlarty üçin ägirt uly kynçylyklary döredýär, sebäbi ýurda kanuny ýagdaýda pul ibermek tasdan mümkin däl. Şu günki günde banklardan dollar almak mümkin däl, diňe peseldilen kurs boýunça manat berilýär.
Pul çykarmagyň we ibermegiň berk çäklendirilen ulgamlary hereket edýär. Studentlere pul geçirmek üçin bir topar resminama talap edilýär we çäklendirme girizilýär. Geçirilýän serişdeleriň tas hemmesi gara bazara, dollaryň resmi kursa garanda 10 esse gymmat bolan ýerine gidýär.
Migrantlar bikanun araçylaryň hyzmatyndan peýdalanmaga mejbur bolýarlar, bu ýagdaýda olara kezzapçylyga duçar bolmak töwekgelçilikleri garaşýar. Ýagdaýy ýeňletmek üçin häkimiýetler walýuta kanuny elýeterliligi gowulandyrmaga, studentlere we maşgalalara pul ibermegi ýönekeýleşdirip, halkara töleg ulgamyna rugsat edip, geçiriş amallary bilen bagly býrokratiýany azaldyp bilerdiler.
Şeýle-de, saglyk, okuw, kärende haky, ýaşaýyş jaýy ýaly möhüm durmuş, ýaşaýyş harajatlary üçin ýeňilleşdirilen maliýe koridorlaryny döredip bolardy. Şu günki günde mende bu syýasatyň ýumşadyljagyna ynam ýok. Ýöne biz işlemegimizi, düzgün bozulmalaryny resmileşdirmegi, halkara guramalarynyň ünsüni çekmegi, bu temalary metbugat arkaly gozgamagy, häkimiýetleriň eşitmegi üçin täze ýollary gözlemegi dowam etdirýäris.
Men özgerişlikler çalt bolup geçer öýdüp pikir etmeýärin. Ýöne Türkmenistan eýýäm dünýä jemgyýetçiliginiň berk üns bermeginiň obýektine öwrülýär. Haçanda ýurt şunuň ýaly prožektoryň öňüne düşende, häkimiýetler ir ýa-da giç öz gazaply çäklendirmelerine gaýtadan seretmäge mejbur bolar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum