Söhbetdeşligiň başynda Karzaý özüniň geçen sekiz ýylyň dowamynda eden işlerini gorap cykyş etdi. «Häzir biziň nagt pul we ätiýaçlyk altyn hazynamyz 3 milliard 700 million dollara ýetdi, ol ýedi ýyl mundan ozal 180 million dollardy. Şu döwrüň içinde Owganystanyň söwda ukyby, haryt-mal önümi we içerki girdejisi üç-dört esse artdy.”
Onuň aýtmagyna görä, ozal bir kilometr asfalat çekilmändi, häzir bolsa ýurtda umumy uzynlygy 5,5 müň km barabar asfalt ýollar çekildi. “Indi Owganystan öz kimligi, baýdagy bilen dünýä möçberinde buýsançly ädim ädýär. Ejir çekip, görgi baryny görüp gelýän ýurt indi ähli owganlylaryň öýüne öwrülýär.”
“Owganystanyň dürli regionlaryndaky güýçli adamalar hem-de meýdan komandirleri bilen nähili iş salyşýarsyňyz?” diýlen soraga Owganystanyň prezidenti, “Bu babatda uly üstünlik gazanyldy, hökümete ähli owganlaryň goşulmagy baradaky prosesi dowam etdirmek isleýärin. Şonda her bir Owganystanly özüniň şu topraga degişlidigini berk duýar, şonda ol özüniň öz ýurduna hojaýyndygyny, hökümetde we jemgyýetde ornunyň bardygyny biler” diýip jogap berdi.
“Hakimiýet paýlanşygy däl”
Karzaýyň aýtmagyna görä, bu syýasy partiýalaryň arasyndaky häkimiýet paýlanşygy däl, bu ýurtda milli bütewiligiň çuňlaşmagy ugrundaky hereket. “Şoňa görä, ähli etnik halklar we tire-taýpalar öz geljekleri üçin bilelikde işläp bilerler.”
Daşarky gatnaşyklar meselesine-de degip geçen Karzaý, Amerikan harbylarynyň Owganystanda bomagynyñ Eýrana howp salmaýandygyny, ýöne muny Eýrany düşündirmegiñ kyndygyny aýtdy. Beýleki tarapdan, Owganystanda durnuklylygy üpjün etmek üçin Tähran bilen dostlukly gatnaşygyň saklanylmalydygyny Waşingtona düşündirmegiň-de, aňsat iş däldigini Karzaý belläp geçdi.
Eýranda saýlawlardan soň dörän ýagdaýyň Owganystanda-da bolmagynyň mümkindigini ret eden Karzaý ähli owganlylary, şol sanda talyplary, saýlawlara gatnaşmaga çagyrdy. “Häzir bäş ýaşyndaky çagalarymyz geljek 20 ýylda 25 ýaşynda bolarlar. Olar parahat Owganystanda, ýagny ösen hem baý döwletde ýaşarlar. Öz saglygyny bejertmek üçin ýa-da iş gözleginde hiç kim daşary ýurtlara gitmeli bolmasyn. Owganystan ähli zadyny özi üpjün edip bilýän ýurt bolmaly” diýip, Karzaý nygtady.
Onuň aýtmagyna görä, ozal bir kilometr asfalat çekilmändi, häzir bolsa ýurtda umumy uzynlygy 5,5 müň km barabar asfalt ýollar çekildi. “Indi Owganystan
Ejir çekip, görgi baryny görüp gelýän ýurt indi ähli owganlylaryň öýüne öwrülýär.