Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Medwedew monastyra baryp gördi


Orsýetiň prezidenti Dimitriý Medwedew gündogar Siberde ýerleşýän monastyra bardy. Ol şol ýerdäki dindarlara ýüzlenip eden çykyşynda, häzirki dowam edýän ykdysady krizise garamazdan hökümetiň olara ýardam etjekdigini we olaryň daşardan kömek almaga mätäç bolmajagykdyklaryny aýtdy.

Medwedew bu pikirini Orsýetiň Mangoliýa bilen serhedinde ýerleşýän Burýat regionundaky monastyrda eden çykyşynda öňe sürdi. Şol ýerde butparazlar köpçülikde ýaşaýarlar.

Sowet Soýuzy döwründe olar aşa gysyşa sezawar edilenden soň, budizim dini Orsýetde häzirki döwürde gaýtadan janlanyp barýar. Mälim bolşuna görä, Orsýetde 1 million töweregi budist ýaşaýar.
XS
SM
MD
LG