Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Italiýa Owganystana goşmaça goşun ibermegi göz öňünde tutmaýar


Italiýanyň goranmak ministri Ignazio Russanyň sözlerine görä, onuň ýurdy NATO-nyň Owganystandaky güýçlerine goşulmak üçin goşmaça goşun ibermegi göz öňünde tutmaýar.

Onuň bu çykyşy, haçanda Amerikanyň ýokary derejeli komandiri eger Owganystana goşmaça goşun ýollanmasa, onda bu uruşda şowsuzlyga uçramaklarynyň mümkindigini duýdurandan soňra edildi.

Italiýanyň goranmak ministri Russanyň aýtmagyna görä, ol Owganystana goşmaça goşun ibermek barada karara gelmezden owal Amerikanyň Owganystan baradaky raportyny öwrenmek isleýär.

Russa NATO-nyň käbir möhüm agzalarynyň Owganystandaky söweşijileri Italiýanyňkydan az we käbirleri söweşijilerini doly çykardy diýdi. Eger NATO kömege mätäç bolsa, onda şol döwletler kömek etmeli diýip Italiýanyň goranmak ministri düýn aýtdy.
XS
SM
MD
LG