Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýol ýakasynda goýlan bomba 12 owganlyny öldürdi


Owgan resmileri aýry-aýrylykda iki ýerde partlan bombalaryň asuda ilatdan 12 adamy, şol sanda aýallary we çagalary hem öldürendigini aýdýarlar.

Kandahar welaýat häkiminiň sözçüsi şu gün Panjawaýy etrabynda ýol ýakasynda partlan bombanyň 7 adamy öldürendigini aýtdy.

Farah welaýatynyň polisiýasynyň sözçüsi bolsa Gülüstan etrabynda bolan bomba partlamasynda 5 adamyň ölüp, 8 adamyň ýaralanandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG