“Halkara Pul Fondy” we Bütindünýä bankynyň Ystambuldaky duşuşygynda çykyş eden ors Maliýe ministri Alekseý Kudrin: “Özlerine berilýän karz pullary Belarus bilen Ukrainanyň yzyna töläp biljek ýa bilmejekdigini Kreml ilki pugta ölçerip görmeli” diýdi.
Bu aýdylan bellik Belarus, Ukraina we Gündogar Ýewropanyň kyn ýagdaýdaky beýleki ýurtlaryna milliardlarça dollar pul iberýän halklara maliýe guramalarynyň kredit şertlerine täzeden üns berilmegine getirdi.
Tankytçylar Moskwanyň töwekgelçiligi ýokary diýýän ýurtlaryna “Halkara Pul Fondy”, Dünýä banky we beýleki maliýe guramalary pul karz bermegi näme üçin dowam etdirýär diýen soragy barýärler.
Öten ýyl “Halkara Pul Fondy” Ukraina, Belarusa, Gürjüstana, Ermenistana, Wengriýa, Serbiýa, Bosniýa-Hersegowina we Latwiýa milliardlarça dollar karz pul berdi.
Öňküsi ýaly berk däl
Lorenzo Giorgianni “Halkara Pul Fondunyň” strategiýa, syýasat we gaýtadan gözden geçiriş bölüminiň başlygy. Onuň aýtmagyna görä, kredit şertleri indi öňküsi ýaly berk däl.
“Şertlilik indi geçmişdäkiden tapawutly. Goýulýan şertler hem köp däl. Olar programmanyň üstünlikli bolmagy üçin diňe belli bir ýerlere gönükdirilýär, mysal üçin, maliýe sektoryna. Reforma ozal biziň “struktrual ýerine ýetiriş ölçegi” diýýänimizi aradan aýyrmakdan ybaratdy. Ýöne indi struktura reformalaryna ýerine ýetiriş programmasynyň giň kontekstinde baha berilýär. Olar bir kreditiň belli bir bölegini togtatmak üçin ulanylanok” diýip, Giorgianni aýdýar.
Şert goýulmaýar
Indermit Gill Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça baş ykdysadyýetçisi. Onuň aýtmagyna görä, Bütindünýä Banky indi hökümetlere siz pylan işi etmeli diýip şert goýmaýar.
“Biz ozal hökümetler bilen oturyp, olara gerekli struktura reformalary barada bir programma düzýärdik. Bu hökümet bilen ozal ylalaşylan zatlar barada bolýardy. Onsoň şol reformalary goldaýardyk. İndi biziň edýänimiz ozalkydan tapawutly, “sen bu işi etseň, gowy ýa-da ol işi etseň gowy” diýmek däl. Hökümet öz ösüş programmasyndaky işleri bitiren badyna, pul goýberilýär” diýip, Gill aýdýar.
Gözegçilik we reformalar
Reza Moghadam “Halkara Pul Fondunyň” strategiýa, syýasat we gaýtadan gözden geçiriş bölüminiň direktory. Ol kredit şertleri gözden geçirilende, bu tankytlar göz öňünde tutuldy, biz täze şertler hökümetlere reforma programmalaryny amala aşyrmakda erk berer diýip umyt edýäris diýýär.
“Biz üçin möhüm zat – geçmişde edilen işleriň hasabyny almak. Bu zatlar barada boş wadalar däl, edilen iş bolmaly. Özi-de netijeli ýagdaýda. Aslyna seredeniňde, ýurtlaryň maliýe krizisinden çykmagyna kömek etjek gözegçilik bilen reformalaryň amala aşyrylmagynyň arasyndaky deňagramlylyk” diýip Moghadam belleýär.