Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG azyk krizisi boýunça alada bildirýär


Birleşen Milletler Guramasy aç adamlaryň sanynyň milliarddan geçmek hadysasynyň 1970-nji ýyldan bäri ilkinji gezekdigini belleýär.
Birleşen Milletler Guramasy aç adamlaryň sanynyň milliarddan geçmek hadysasynyň 1970-nji ýyldan bäri ilkinji gezekdigini belleýär.

Şu hepde Birleşen Milletler Guramasy Dünýä azyk gününe gabatlap öz ýaýradan hasabatynda dünýäde bir milliarddan hem gowrak adamynyň açlykdan ejir çekýändigini aýdýar.

Birleşen Milletler Guramasy aç adamlaryň sanynyň milliarddan geçmek hadysasynyň 1970-nji ýyldan bäri ilkinji gezekdigini belleýär.

Bu baradaky täze maglumatlar BMG-niň ösüş boýunça şu asyr üçin göz öňünde tutýan programmalaryna hem kölege salýan ýaly görünýär. 2000-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasy 2015-nji ýyla çenli dünýädäki açlykdan ejir çekýän ilatyň sanyny iki esse azaltmaklygy öz öňünde maksat edip goýupdy.

Açlyk çekýänleriň sany artdy


BMG-niň Azyk we Oba hojalyk guramasy hem-de Dünýä azyk programmasy tarapyndan taýýarlanan bu täze raportda global maliýe krizisiniň soňky bir ýarym ýylyň içinde dünýädäki açlykdan ejir çekýän ilatyň sanynyň üzül-kesil artmagyna getirendigi aýdylýar. Ýöne şol bir wagtda, bu raport açlyk çekýän adamlaryň sanynyň maliýe krizisinden birneme öňki ýyllarda-da kem-kem artmak bilen bolandygyny belleýär.

Adam hukuklaryny goraýjy käbir guramalar diňe ýöne sub-Saharadaky Nigeriýada gurakçylyk bilen bagly oba-hojalyk önümçiliginiň pese gaçmagy sebäpli 2 million 600 müň töweregi adamyň azyk ýetmezçilik problemasy bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny duýdurýarlar.

BMG-niň Azyk we Oba hojalyk guramasynyň ykdysatçysy Dewid Dew häzirki ýagdaýy göz öňünde tutup, ösüp gelýän ýurtlaryň oba-hojalygyna gyssagly ýagdaýda maýa ýatyrylmagynyň zerurdygyny aýdýar. Ol bu barada, hususan-da, şeýle diýdi: «Garyplykda ýaşaýan adamlar öz maliýe serişdelerini esasan iýmite harç edýärler. Şoňa görä-de, biz şol adamlara iýmitin elýeterli bolmagy üçin azyk harytlarynyň bahalaryny arzanlatmaly. Bu çäräni amala aşyrmagyň ýeke-täk ýoly bolsa, oba-hojalyk önümçiligini ýokarlandyrmakdyr».

Gumanitar ýardamlar we şahsy inwestisiýalar


BMG-niň Azyk we Oba hojalyk guramasy 1980-nji ýyllardan başlap, bu gürrüňi edilýän ýurtlaryň oba hojalygyna berilýän gumanitar ýardamlaryň we şahsy inwestisiýalaryň derejesiniň kem-kem peselendigini aýdýar.

Mysal uçin, 1980-nji ýylda donor döwletleriň berýän gümanitar maliýe ýardamlarynyň 17 prosenti hut şu oba-hojalyk sektorlaryna goýberilipdir. 2006-njy ýylda bolsa, oba-hojalyk sektorlaryna goýberilýän ýardamlaryň derejesi bary-ýogy 3,8 prosent bolupdyr.

BMG-niň Azyk we Oba hojalyk guramasy häzirki çaklanylyşy ýaly, 2050-nji ýyla çenli dünýäniň ilaty 9 milliona ýeten halatynda, azyk önümçiliginiň hem häzirkisinden 70 prosent artmalydygyny belleýär. Ýöne azyk önümçiligini şonça derejede artdyrmaklygyň mümkindigi ýa däldigi uly sorag bolup durýar.

Ýaşyl rewolýusiýa

1960-njy ýyllarda «ýaşyl rewolýusiýa» ady bilen amala aşyrylan çäreler şol döwürde 3 milliarda ýeten dünýä ilatyny açlyk epidemiýasyna ýetirmezden, azyk bilen üpjün etmeklige mümkinçilik beripdi. Şonda oba-hojalyk sektorynda fertilaýzerleriň, pestisidleriň we modern tehnologiýanyň giňden ulanylmagy bu pudagyň önümçiliginiň görlüp-eşidilmedik derejede ýokarlanmagyna getiripdi.

Emma şol döwürdäkiden tapawutlylykda biziň günlerimizde oba-hojalygynda beýle rewolýusiýanyň alamatlary welin, göze ilenok. Gaýta käbir bilermenler, ösüp gelýän ýurtlarda suw resurslarynyň has-da azalandygyny, ekerançylyk üçin iň ýaramly ýerleriň bolsa bireýýäm ulanylyşa berlendigini, özleşdirilmedik ýerleri özleşdirmek meselesiniň-de klimatyň özgermegi zerarly has-da kynlaşandygyny belleýärler.
XS
SM
MD
LG