Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň Burýat awtonom regionynyň polisiýa ýolbaşçysy tussag edildi


Düýn Orsýetiň Içeri işler ministrligi ýurduň Burýat awtonom regionynyň içeri işler bölüminiň başlygy Wiktor Sýusýuranyň tussag edilendigini habar berdi.

Orsýetiň «Westi-24» telekanalynyň maglumatyna görä, Wiktor Sýusýura şenbe güni Burýatiýa regionynda tussag edilmeginiň yzy bilen Moskwanyň Lefortowo türmesine ýollanypdyr.

Orsýetiň Içeri işler ministrliginiň metbugat sekratary Waleriý Gribakin Wiktor Sýusýuranyň korrupsiýa bilen baglanyşykly jenaýatçylykda aýyplanylyp, tussag edilendigini mälim etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG