Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusda bir sygana ölüm jezasy garaşýar


30 ýaşly sygan Wassiliý Ýuzepçuga Belarusda häzir ölüm jezasy garaşýar. Her bir gün onuň ömrüniň soňky güni bolmagy mümkin.

Şu ýylyň iýunynda sud Ýuzepçugy alty aýaly talap, soň hem olary bogup öldürenlikde günäli tapdy.

Suduň oňä ölüm jesasy berilmeli diýip çykaran kararyna hemmeler begenişdiler. Ýöne Ýuzepçuk özüniň günäsizdigini, derňewçileriň urup-ýenjip, bu günäni özüne boýun aldyrdandygyny aýdýar.

Oňa indi sudlardan kömek ýok. Şol sebäpden hem ýeke-täk umydy Belarus Prezidenti Aleksandr Lukaşenko. Ýöne Lukaşenko ýuka ýürek, rehim-şepagatly adam däl. Ol geçen 15 ýyllykda diňe birje adamyň günäsini geçdi.

Höküm nädogry diýýärler


Adam hukuklary boýunça guramalary alnyp barlan gowşak derňew hem prosesden soň çykarylan bu höküm nädogry diýýärler. “Bu jenaýatyň bir aýylganç jenaýatdygyna gürrüň ýok. Biz muny peseltjek bolamzok. Ýöne alty jeset tapylanda, ençeme sygan tutuldy. Wassiliý Ýuzepçuk özüniň urlup-ýenjilendigini, gorkuzylandygyny aýdýar. Şaýatlar-da özleriniň gorkuzylandyklaryny aýdýarlar. Şol sebäpden biz bu proses adalatly geçen däldir diýip, iňkis edýäris” diýip, halkara günä geçiş guramasy Amnesty Internationalyň Belarus eksperti Heather McGill aýdýar.

Ýewropa Geňeşi hem bu barada alada bildirip, Belarusy aradan salym geçirmän, ölüm jezasyny togtatmaklyga çagyrdy. Belarusyň Ýewropa we öňki Sowet Respublikalarynyň arasynda ölüm jezasy entegem ýörgünli ýeke-täk ýurt bolup durýar. Alty aýaly öldürdi diýlip günäli tapylan ýeke Ýuzepçuk däl. Onuň jenaýatçy şärigi diýlip, Ýuzepçuk ýaly Ukrainada doglan ýene bir sygana-da ömürlik türme tussaglygy berildi.

Belaruslaryň aglabasy ýaly garalawçy Mikalai Žeçka bu adamlary ýigrenýändigini ýaşyryp duranok: “Sud edilenleriň hemişelik ýaşaýan belli bir ýeri ýok. Olar biziň respublikamyzyň raýatlary däl. Olar hiç bir ýerde işe alnan adamlar däl. Çem gelen gazançdan gün görýärler. Hemmesinden ýamany-da, olaryň eden işiniň adamkärçiliksizdigi. Meniň pikirimçe, sud olara berilmeli jezany berdi”.

Ýuzepçukyň aklawçysy

Ýuzepçukyň aklawçysy Roman Kislýak onuň akyl taýdan kemçilikleriniň bardygyny, muny doktorlaryň hem tassyklandygyny belleýär: “Ol sowatsyz, okamagy-ýazmany bilenok. Aýy, güni doly saýgarmak başarnygyna eýe däl. Bir waka gyş bolupmy ýa tomus, bilýäni ýeke şol. Gürleýşi düşnüksiz. Kämahallar onuň näme diýýänine düşünip bolanok”.

Kislýak Ýuzepçuga şikaýat bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Adam Hukuklary Komitetine ýüz tutmaga kömek edipdir. Sud proseslerinde bir bidüzginçilik bolsa, kommitet buýruk berip, Ýuzepçugyň hökümini tussaglyga öwürdip bilýär. Ýöne Kislýak Belarus komitetiň kararyna garaşman, ozal hem tussaglar barada ölüm jezasyny amala aşyrdy. Ýuzepçugyň hem şolar ýaly öldürilmegi mümkin diýip, howatyr edýär.
XS
SM
MD
LG