Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwada doňuz dümewinden ölen birinji adam hasaba alyndy


Moskwada doňuz dümewi atlandyrylan N1H1 dümewinden ölen birinji adam hasaba alyndy. Ýokanç keseller keselhanasynda 53 ýaşly aýal ölüpdir. Düýn şeýle-de Çitada üç adamyň şol dümewden ölendigi barasynda habarlar ýaýrady.

ABŞ-nyň Çikago şäherinde Muhammet pygamberiň karrikaturasyny çap eden daniýa gazetiniň garşysyna terroristik akta taýýarlyk görmekde güman edilip, iki adam tussag edildi.

Tussag edilenleriň päkistan asylly kanadaly we amerikandygy habar berilýär. Şol iki adamyň biri şu ýyl iki gezek Kopengagende bolupdyr. Derňew gulluklarynyň çaklamasyna görä, ol terroristik akt üçin informasiýa ýygnapdyr.

“Ýullands-Posten” gazetinde 2005-nji ýylda çap edilen karrikatura köp sanly yslam döwletlerinde protestler döredipdi.
XS
SM
MD
LG