Eýranyň resmi IRNA habarlar gullugy Bahaýi dinine uýýan edi tussagyň basym sud ediljegini aýtdy. Olar Ysraýylyň peýdasyna içalyçylykda we hudaýa şek etirmekde aýyplanýar.
IRNA Tähranyň adalat departamentiniň başlygy Alireza Awaýä salgylanyp, olaryň sudunyň ýakyn wagtda boljagyny ýazdy. Ol bahailer 2008-nji ýylda tussag edilipdi. Ýöne olaryň sudy awgustda soňa goýlupdy, sebäbi aklawçylar taýýarlyk üçin has köp wagt gerekdigini aýdypdylar.
Eýran bu topary ýewreý döwletiniň tabşyrgy esasynda yslam sistemasyna garşy işlemekde aýyplaýar. Bahileriň halkara jemgyýeti bu topara bildirilýän günäni ret edýär.