Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çehiýanyň prezidenti Lissabon şertnamasy bilen bagly karara gol goýdy


Çehiýanyň prezidenti Waslaw Klaus Ýewropa Bileleşiginiň Lissabon şertnamasyna gol goýanlygyny aýtdy.

Mundan ozal bu şertnama bilen bagly Çehiýanyň ýokary derejeli sudy tarapyndan kabul edilen kararda, onuň bu ýurduň esasy kanuna gabat gelýänligi mälim edilipdi.

Bu karara Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Žoze Manual Barroso gowy baha berip, indi bu şertnamanyň güýje girizilmegine garşy hiç hili böwediň galmanlygyny aýdypdy.

Çehiýa Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň arasynda bu şertnamany tassyklamadyk ýekeje ýurtdy. Şertnamanyň güýje girizilmegi üçin onuň bileleşige agza ähli ýurtlar tarapyndan tassyklanmagy zerurdyr.

Ady agzalýan şertnama 27 agzadan ybarat Ýewropa Bileleşiginiň agzalarynyň arasynda gatnaşygy artdyrmak hem-de bileleşigiň prezidentligi boýunça täze orny döretmegi maksat edinýär.
XS
SM
MD
LG