Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amerikaly wekil Demirgazyk Koreýa barar


Amerikanyň Birleşen Ştatlary Demirgazyk Koreýa wekil iberip, bu kommunistik režim bilen ýadro ýaraglary boýunça gepleşiklere gaýtadan başlamaga synanşar.

Döwlet Departamentiniň metbugat wekili Krowly Waşingtonuň seresaply oýlanmalardan we öz ýaranlary bilen giň masalahatlar geçirenden soň bu karara gelnenligini Phenýana bildirenliklerini aýtdy.

Ilçi Boswort we ençeme ekspertlerden ybarat bu toparyň amatly wagtda şol ýurda barjakdygy aýdylýar. Bu saparyň haçan amala aşyryljakdygy barada anyk maglumat berilmedi.

Geçen hepde Phenýan Waşington bilen göni gepleşikler geçirmäge çagyryş edipdi. Bu teklip Phenýan ýadro ýaraglar programmasyndan el çekmäge taýýarlanýarmy diýlen pikiri orta atypdy.
XS
SM
MD
LG