Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan Owganystana galla iberer


Gazagystanyň daşary işler ministri Kanat Saudabaýew ýekşenbe güni Owganystandan dolanyp gelip, Gazagystan Owganystana galla eksport eder we saglyk işgärlerine, polisiýa, serhet goragçylaryna, mugallymlara tälim bermekde kömek eder diýdi.

Saudabaýew Kabulda prezident Hamit Kerzeý bilen duşuşyp, gazak-owgan hyzmatdaşlygy barada gepleşdi.

Saudabaýew Gazagystanyň gelýän 5 ýylda owgan spesialistlerine tälim bermek üçin 50 million çemesi dollar harçlajagyny aýdýar. Bu çäre ýylda 200 owgan studentini gazak uniwersitetlerine kabul etmegi hem öz içine alýar.
XS
SM
MD
LG