Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şol köpriden geçmäge özüm-ä gorkýan


Işsizlik adamy hemme gapydan çykarýar. Oba ýerinde halys iş tapdyrmansoň, Amyderýanyň üstünden ukrain gurluşykçylarynyň guran köprüsiniň işine gatnaşmaly boldum.

Gurluşyk häzir tamamlandy. Onuň açylyş dabarasy hem boldy. Ýöne, dogrusyny aýtsam, Amyderýanyň Atamyrat—Kerkiçi aralygynda gurlan bu köpriniň üstünden özüm geçmäge-hä ýaýdanýaryn. Munuň hem esasy sebäbi, belkem köpriniň gurluşygynyň başyndan aýagyna çenli içinde bolmagymdyr.

Köpriniň suwasty berkitmelerine guýlan betondyr daşlar talapdan az diýip, köpri gurlup durka, ony gurýanlaryň özleri biri-birleri bilen igenişip, gürrüň edýärdiler. Oňa ulanan demirleriň hiliniň ýokary hilli däldigi, kebşirleýiş işleriniň hiliniň pes bolandygyny aýdýardylar. Şol gepleri diňlämsoň, köpriniň üstünden ýöräp barýarkam, göwnüme bolmasa, ol yranyp duran ýaly, eýläk-beýläk geçmäge-de gorkýarsyň.

«Mundan ýykylman otly nädip geçerkä?» diýip, oglanlarymyz işläp ýören döwürlerimiz häli-şindi agzaýardylar. Ukrain gurluşykçylarynyň köpüsi içegen eken. Olar işlejek bolup durkalar hem, işläp durkalar hem aldygyna içýärdiler. Içgili halda işläp durka derýa gaçyp, gark bolan ukrainler hem az bolmady.

Köpriniň esasy kebşirlemeli ýeri bolan halatda ukrainli gurluşykçylar «bar, şol ýerini sen kebşirläp goýber» diýip, wajyp işi tejribesiz oglana-da tabşyryp oňaýýardylar. Özem şeýle bir ýagdaýlar boldy, şol zatlary ýatlap, şu günlerem türkmeniň düşen gününe gynanýaryn hem-de kemsinýärin. Türkmenler özleriniň parahorlugyny ukrainlere-de öwretdiler. Şol sebäpli işe ökdeler alynman, pul berýänler alynýardy. Köpri gurluşygynda işlemek üçin şeýle bir millet üýşdi, kesek zyňsaň, ýere düşerli däldi. Hemmelere iş gerekdi. Şol agyr işe girmek bagty-da hemmelere ýetdirmändi. Ýurtdaky işsizlik sebäpli, türkmenleriň boýnunyň burlan ýerleri köp boldy.

Her näme-de bolsa, köpri gurlup, önümçilige tabşyryldy. Ýöne ondan geçjekleri Alla gorasyn!
XS
SM
MD
LG