Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda pirotehniki serişdeleriň emeli usullar bilen ýasalmagy we satylmagy ýygjamlaşdy


Pirotehniki serişdeler (Arhiw suraty)
Pirotehniki serişdeler (Arhiw suraty)

Täze ýyl baýramynyň golaýlamagy bilen, Aşgabat şäherinde ýetginjekleriň pirotehniki serişdeleri, partlaýjy maddalary emeli usullar bilen ýasamagy we öz deň-duşlaryna satmagy bilen bagly ýagdaýlar ýygjamlaşdy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 22-nji dekabrda paýtagtdan maglumat berdi.

“Häzir orta mekdepleriň ýokary synplarynda okaýan ýetginjekler dürli maddalaryň belli mukdaryny gaplara gaplap, partlamaga taýýar görnüşde öz deň-duşlaryna we tanyş-bilişlerine gizlinlikde satýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly aşgabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiniň 349-njy maddasy pirotehniki serişdeleriň bikanun, emeli usul bilen taýýarlanylmagyny, gaýtadan işlenilmegini, saklanylmagyny, daşalmagyny we olardan peýdalanylmagyny gadagan edýär. Bu hereketler administratiw temmi berilmegine getirýär. Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň jogapkärçiligi olaryň ene-atalarynyň üstüne ýüklenilýär.

Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 321-nji maddasy bolsa, partlaýjy, çalt ýanýan maddalary ýa-da pirotehniki önümleri ulanmagyň düzgünleriniň bozulmagy boýunça iki ýyldan ýedi ýyla çenli azatlykdan mahrum edilmek jezasyny berýär.

Mundan başga-da, Türkmenistan indi ençeme ýyl bäri pirotehniki serişdeleriň, önümleriň ýurda getirilmegini we ýurtdaky resmi söwdasyny hem çäklendirip gelýär.

Bu gadaganlyklara garamazdan, şu günler mekdep okuwçylarynyň käbirleri emeli usul bilen taýýarlanan pirotehniki serişdeleri satyp gazanç edýän bolsa, ýene bir bölegi olary partladyp, Täze ýylyň golaýlandygyny yşarat edýär.

“Emeli partlaýjylary partladýan oglanlaryň polisiýanyň eline düşmegi bilen bagly ýagdaýlar hem bolýar we olar polisiýa bölümine alnyp gidilýär. Oglanlar polisiýa hem-de Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri tarapyndan soraga çekilýärler we bu serişdeleri nireden alandygy barada düşündiriş ýazmaga mejbur edilýärler” diýip, ýagdaýlardan habarly polisiýadaky çeşmämiz anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, şu usul bilen, emeli pirotehniki serişdeleri ýasaýanlaryň käbirleri tutulsa-da, köpüsi heniz-de öz amallaryny dowam etdirýär.

Ene-atalaryň ençemesi emeli usul bilen ýasalan partlaýjy maddalaryň ulanylýan ýa-da ýasalýan mahaly, elde partlap, ýaşlaryň barmaklaryny ýitirmegi bilen bagly wakalaryň hem bolýandygyny aýdyp, bu ýagdaýlara alada bildirýär.

“Ýaşlaryň teniniň, şol sanda ýüzüniň dürli derejede ýanmagy we hassahana düşmegi bilen bagly ýagdaýlar hem köp bolýar. Häkimiýetler pirotehniki serişdeleriň ýurda getirilmegini çäklendirip, olaryň bikanun, emeli usul bilen taýýarlanylmagy we beýlekiler bilen bagly gadaganlyklary girizmegiň deregine, kada-kanuna, tehniki howpsuzlygyň düzgünlerine dogry gelýän pirotehnikalaryň resmi söwdasyny ýola goýsalar, olary dükanlarda satyn almak mümkinçiligini döretseler gowy bolardy” diýip, çagasy ejir çeken bir ene anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Azatlygyň bu ýagdaýlar barada sebitiň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda Polisiýa müdirliginden telefon arkaly teswir almak boýunça yzygiderli eden synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri, şol sanda hukuk goraýjy edaralar möhüm baýramçylyklarda güýçlendirilen tertibi yglan edýärler. Hususan-da, Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda, pirotehniki serişdelerden, emeli partlaýjylardan peýdalanylmagyna garşy gözegçilik çäreleri güýçlendirilýär.

Mekdep müdirleri we mugallymlar synp otaglaryna aýlanyp, okuwçylar bilen ýygnaklary geçirýärler. Olar ýygnaklarda pirotehniki serişdeleriň, partlaýjy maddalaryň emeli usullar bilen ýasalmagyna we ulanylmagyna garşy wagyz-nesihat işlerini geçirýärler.

Ýatlasak, 2022-nji ýyla geçilen gije, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda emeli usulda ýasalan partlaýjylaryň ýarylmagy netijesinde azyndan dört adam heläk boldy we 30-dan gowrak adam ýaralandy.

Bu hadysa 2022-nji ýylyň ýanwarynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde Türkmenistanyň şol wagtky prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan gün tertibine getirildi.

“Täze ýyl bilen bagly güýçlendirilen tertibe geçilen hem bolsa, ýaňy-ýakynda Lebap welaýatynda emeli usulda partlaýjy serişde ýasalyp, onuň ýarylmagy adam pidasyna we ýaralanmasyna getirdi. Bu bolsa tertip-düzgüni üpjün etmekde heniz hem işleriň gowşak alnyp barylýandygyny subut edýär” diýip, Berdimuhamedow howpsuzlyk mejlisinde eden çykyşynda aýdypdy.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG