Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň prezidenti Obama Orsýetiň prezidenti Medwedew bilen duşuşar


Düýn Birleşen Ştatlaryň ýokary derejeli hökümet resmisi prezident Barak Obamanyň şu gün Kopengagende klimatyň özgermegi bilen baglanyşykly geçýän konferensiýanyň çäklerinden daşarda Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew bilen-de duşuşmaklygy planlaşdyrýandygyny aýtdy.

Maglumata görä, bu duşuşykda iki ýurduň prezidentleri ýadro ýaragyny azaltmak barada ortak şertnamany işläp düzmek meselesi barada pikir alşarlar diýlip garaşylýar.

Ýöne düýn bu wakanyň öňýany eden çykyşynda Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny bu mesele boýunça gepleşikleriň depginini gowşadanlykda aýyplady hem-de prezident Obama bilen prezident Medwedewiň bu ugurda anyk bir ylalaşyga gol çekerler diýip garaşmaýandygyny belledi.
XS
SM
MD
LG