Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Serhetsiz lukmanlar” topary umydyny ýitirenok


Hiphen: "Premýer-ministriň orunbasary Saparlyýew inçekesele ýoluganlara kömek etmek barada hökümete ýardam bermäge çagyrdy. Emma gepleşiklere ýene-de saglyk ministrligi böwet boldy".
Hiphen: "Premýer-ministriň orunbasary Saparlyýew inçekesele ýoluganlara kömek etmek barada hökümete ýardam bermäge çagyrdy. Emma gepleşiklere ýene-de saglyk ministrligi böwet boldy".

“Serhetsiz lukmanlar” topary Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligini inçekesele garşy göreş boýunça ýörite programma gyssagly başlamaga çagyrdy diýip, toparyň Türkmenistan boýunça programmasynyň menejeri Kristof Hiphen aýdýar.

Hiphen ýene-de şeýle diýýär: “Şol bir wagtyň özünde-de, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bu ugurda işe başlamak barada guramanyň tekliplerini bireýýäm inkär etdi. Türkmenistanyň premýer-ministriniň orunbasary Saparlyýew inçekesele ýoluganlara kömek etmek barada hökümete ýardam bermäge çagyrdy. Emma gepleşiklere ýene-de saglyk ministrligi böwet boldy”. Hipheniň bu sözleri guramanyň metbugat beýanatynda habar berildi.

Kristof Hiphen Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugyna beren interwýusynda inçekesele garşy göreş boýunça bu programmanyň täzedigini aýdyp, sözüni dowam etdi. “Biziň Saglyk we derman senagaty ministrligi bilen gepleşiklerimizde hiç bir ösüş bolmady. Biz juda seresaply bolmagymyzyň gerekdigine düşündik. Netijede biziň Türkmenistanda programmamyz 14-nji dekabrda togtadyldy” diýip, “Serhetsiz lukmanlar” toparynyň Türkmenistan boýunça programmasynyň menejeri Kristof Hiphen belledi.

“Gynandyryjy fakt”

Bu guramanyň işini togtatmagy bilen bagly Türkmenistanyň Saglyk we derman senagaty ministrligi kommentariý bermedi. Emma ýerli synçy A.Baýryýew toparyň işlerini togtatmagynyň ýakymsyz habardygyny aýtdy. “Bu guramanyň birnäçe ýyl işländen soňra, ýurdy terk etmegi oňlamaly ýagdaý däl. Oňa häkimiýetleriň käbir hereketleriniň sebäp bolandygy hem gynandyrýar”.

Onuň pikiri bilen Şwesiýada ýaşaýan ýazyjy A.Welsapar hem ylalaşýar. "Türkmenistanda işlän abraýly Halkara guramalaryň iň soňkusynyň diýen ýaly ýapylmagy örän gynandyryjy fakt" diýip, A.Welsapar aýdýar.

“Serhetsiz lukmanlar” toparynyň ýaýradan metbugat beýanatyna görä, beýleki Merkezi Aziýa döwletleri ýaly, Türkmenistanda hem inçekeseliň giň ýaýrandygy uly alada döredýär. Hususanda, inçekeseliň dürli däri-dermana uýgunlaşan görnüşiniň tiz döremegi we ýaýramagy hasam howatyrlandyrýar.
Türkmenistanda işlän abraýly Halkara guramalaryň iň soňkusynyň diýen ýaly ýapylmagy örän gynandyryjy fakt.


Saglyk we derman senagaty ministrliginiň habaryna görä, inçekeseliň hut şu görnüşiniň oňa täze ýoluganlaryň 21 prosente golaýyndan we owal bu kesele duçar bolanlaryň 33 prosentinden tapyldy. Bulary inçekeseliň däp bolan shemasy boýunça bejermek hiç bir netije bermeýär diýip, metbugat beýanatynda habar berildi.

“Eger hakykaty aýtsak, bu görkezijiler Türkmenistanda inçekesel bilen bagly ýagdaýlaryň has-da ýaramazdygyny görkezýär” diýip, Hiphen aýdýar. Häzirki döwürde inçekeseliň köp däri-dermana uýgunlaşan görnüşini doly bejermek mümkin däl. Emma bu kesel barada Global Fonduň hödürlän beýanatynda şol işiň juda gowşak durmuşa geçirilýändigi bellenildi.

“Türkmen döwletiniň inçekesel baradaky strategiýasynda bu derde ýoluganlaryň ilkinjisiniň 2013-nji ýylda bejergi aljakdygy aýdylýar. Emma adamlar eýýäm ölýärler” diýip, “Serhetsiz lukmanlar” toparynyň düýnki metbugat beýanatynda nygtalýar.

Halkara guramalar ýurdy terk edýär

Soňky döwürde Türkmenistanda işini togtadan Halkara guramalaryň biri Kaunterpart Konsorsium topary. Düýbi Wenadaky adam hukuklary boýunça “Türkmen insiatiwasy” guramasynyň maglumatyna görä, bu topar soňky üç ýylda graždan jemgyýeti barada üç sany uly proýekti amala aşyrdy. Ol ahyrky programmasynda ýerli dolandyryş organlary bilen işleşmegi göz öňünde tutupdy diýip, “Türkmen inisiatiwasy” ýazdy. Emma şol toparyň näme üçin ýapylandygy barada habar berilmedi.

Mundan başga-da şu ýyl Amerikanyň “Parahatçylyk korpusynyň” meýletinçileriniň Türkmenistana baryp bilmändigini käbir adam hukuklary toparlary ýazdy. Eýse, bu ýagdaýlar nämäniň alamaty bolmagy mümkin? Ýazyjy A.Welsaparyň pikiriçe, bu zatlaryň häkimiýetdäki intrigalar bilen bagly bolmagy ahmal.

"Käbir Halkara we ýerli synçylaryň berýän bahalaryna görä, şu bolup geçýän gapma-garşylykly wakalaryň düýbünde häkimiýetiň ýokary gatlagynda ýüze çykýan intrigalar ýatyr. Türkmeniň geljegine uzagyndan ýaramaz täsir edip biljek intrigalar toparlarynyň dörändigi hakynda maglumatlar kän gelip gowuşýar. Şol synçylaryň berýän bahalaryna goşjak ýene-de bir zadym bar. Häzirlikçe biziň täze prezidentimiz Berdimuhamedow güýç ulanyjy ministrliklere doly kontrollyk edip bilmeýäne meňzeýär. Şu taýda hem häkimiýetiň ikilenmek häsiýeti emele gelýär" diýip, ýazyjy A.Welsapar nygtaýar.
Biz ministrlik bilen gepleşiklere taýyn. Olaram muny yşarat etdiler.


“Serhetsiz lukmanlar” topary öz halky üçin inçekesellilere kömek etmek barada döwlet programmalaryny durmuşa geçirmegi tizleşdirmäge we inçekesel bilen bagly krizisiň möçberini we möhümligini ykrar etmäge türkmen hökümetini çagyrýar diýip, guramanyň press-relizinde aýdyldy.

Toparyň Türkmenistan boýunça programmasynyň menejeri Hiphen biziň gullugymyza beren interwýusynda gepleşikleri dowam etmäge özleriniň taýýardygyny mälim etdi.“Biz ministrlik bilen gepleşiklere taýyn. Olaram muny yşarat etdiler. Inçekesel baradaky programmamyzy mümkingadar tiz wagtyň içinde durmuşa geçirmek isleýäris we olaram muny isleýärler. Biziň ýeterlik tejribämiz bar. Bu biziň teklibimiz we programmamyzy açjakdygymyza umyt edýäris” diýip “Serhetsiz lukmanlar” toparynyň Türkmenistan boýunça programmasynyň menejeri Kristof Hiphen gullugymyza beren interwýusynda aýtdy.

Häkimiýetler şular ýaly hereketlerinden doly el çekseler, munuň dünyäde Türkmenistanyň abraýyny ösdürmekde hökümete-de, il-güne-de bähbitli boljakdygy gürrüňsiz diýip, biziň bilen söhbetdeş bolan käbir synçylar tassyklaýarlar.
XS
SM
MD
LG