Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pirotehniki önümlerini satmak gadagan edildi


Paýtagtyň bazarlarynda täze ýyl dabaralary üçin pirotehniki önümlerini söwda nokadynyň çäginde satmagyň gadagandygy hakda bildirişli ýazgylar asylyp çykyldy.

Her ýyl täze ýyl baýramçylygy golaýlaberende hususy telekeçiler tarapyndan ýurduň çägine daşary ýurtlardan pirotehniki önümleri getirilip başlanýar. Täze ýyl baýramçylygynyň başlanmazynyň iki hepde öňünden ýaş-ýeleňler petardalary gören ýerlerinde atyp, goh baryny döredýärler. Dumly-duşda atylýan petardalaryň sesi misli, söweş gidýän meýdana düşen ýaly edýär.

Pirotehniki önümlerini ýurduň çägine esasan 1996-njy ýyllardan getirmek ýoň bolup başlandy. Özem petardalaryň bahasy şol döwürler şeýle bir arzan bolansoň, çagalar olary gaty köp mukdarda satyn alýardylar hem-de gören ýerlerinde olary atyp oýnaýardylar.

Ulanmak üçin gaty howply bolmasa-da, petardalar sebäpli, her ýyl birnäçe çaga düýpli ten şikeslerini alyp, keselhanalara düşüp başlady. Özem bu ýagdaý ýyl geldigiçe köpelip başlady. Şol sebäpden, soňky iki ýylyň dowamynda daşary ýurtlardan getirilýän pirotehniki önümlerini erkin bazarda satmaga gadagançylyklar girizilip başlandy. Düzgüni bozan telekeçilere bolsa düýpli jerimeler töletdirildi.

Gizlin satylýar emma gymmat

Ýerli häkimlikleriň pirotehniki önümleriniň satylmagyna berk gözegçilik girizmegi ilat tarapyndan gaty gowy garşylandy. Asuda köçeden geçip barýarkaň, ýaş oglanlaryň petardasyndan çykýan tarkylda zähresi ýarylan dek bolýan raýatlar indi ýaramaz endiklerden azat boldular.

Ýöne ýerli häkimlikler pirotehniki önümlerine näçe gözegçiligi güýçlendirseler-de, bazarlarda bu önümler gizlin ýagdaýda satylýar. Hususan-da paýtagtyň «100 fontan» hem-de «Lälezar», Jygyllyk bazarlarynda içinde 50 sany petarda bolan gutyny 80 müň manada satyn almak bolýar.

Gadagançylyk girizilen harydyň bahasy juda artýar. Pirotehniki önümlerininiň gizlin ýagdaýda gorka satylmagy hem-de onuň bahasynyň juda ýokary bolmagy, ýaşlaryň arasynda ol önümleri satyn alamaga bolan höwesi ep-esli derejede pese gaçyrdy.

Ýerli habarçylaryň beren maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.
XS
SM
MD
LG