Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Paýtagtlylar täze ýyly öýlerinde garşylamakdan mahrum


Býujet edaralarynda işleýän paýtagtyň ýaşaýjylarynyň ählisine 2009-njy ýylyň 31-nji dekabrynda sagat 21.00-da Bitaraplyk binasynyň öňündäki Garaşsyzlyk seýilgähine - ýurduň baş arçasynyň öňüne barmaklyk baradaky görkezme berildi.

Şol gün, ýagny 2009-njy ýyldan 2010-njy ýyla geçilýän gijede baş arçanyň öňünde ýurduň belli estrada aýdymçylary aýdym aýdarlar, tansçylary tans ederler. Sagat 00.00 bolup, Täze ýyla gadam basylan pursady bolsa, bu aýdym-sazly dabara görlüp-eşidilmedik feýerwerk bilen tamamlanar.

Baş arçanyň öňünde gurnalýan dabaranyň şowhuny elmydama uludan bolýar. Ýöne oňa zorluk bilen gatnaşdyrylmagy paýtagtlylarda bu dabara bolan ýigrenç duýgularyny oýardýar.

Maşgala baýramy bolan Täze ýyl ýylda bir gezek gelensoň hemmeleriň maşgala agzalarynyň arasynda belläsleri gelýär. Emma soňky iki-üç ýyllykda tapylan bu çäre paýtagtyň ýaşaýjylaryny Täze ýyly maşgala agzalarynyň arasynda bellemekligi mahrum etdi.

Ýurduň baş arçasynyň öňünde geçirilýän Täze ýyl dabarasyna Aşgabadyň edara-kärhanalarynyň işgärleri, mugallymlary, mekdep okuwçylary, talyplary, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdyrylýar.

Şol gün ol ýere 100 müňe golaý adam ýygnanýar. Gijäniň bir wagty tamamlanýan şowhundan soň adamlara öýlerine gaýtmak örän kyn bolýar. Şol günki şowhuna barmadyk paýtagtlylara bolsa ertesi gün gaty ýowuz daralýar. Hatda olaryň işden kowulýanlary-da bolýar.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG