Bu planda Eýranyň pes derejede baýlaşdyrylan uranyny daşary ýurtlara iberip, Tähranyň barlag reaktory üçin ýangyja öwürmek göz öňünde tutulýardy. Eýran bu plany ret etdi. Ýokary derejede baýlaşdyrylan urany ýadro ýaragyny öndürmek üçin ulanyp bolýar. Günbatary biynjalyk edýän hem şu.
Tähran: “Bu bize medisina barlaglarynda we energiýa öndürmek üçin gerek” diýip, özüniň atom ýaragyny öndürmek niýetiniň bardygyny inkär edýär. Indi hem Associated Press tarapyndan berlen bir habarda urany gizlin satyn almak barada Tähranyň Gazagystandaky “elementler” bilen bir ylalaşyga geler-geleriň üstündedigi aýdylýar.
Bu bolmanynda-da Eýranyň dünýäniň güýçli döwletleri bilen gatnaşygy häzir öwerlik däl. Hökümetiň oppozisiýanyň tarapdarlaryna görkezýän gazaply gysyşlaryny Ýewropa, Orsýet we Birleşen Ştatlar üstümizdäki hepde ýiti ýazgardylar.
“Eýranda bolup geçýän zatlar Birleşen Ştatlar ýa başga bir ýurt barada däl. Ol Eýran halkynyň özi, olaryň adalaty we oňat durmuşy arzuwlaýandygy barada. Eýran ýolbaşçylarynyň gorky we zulum-sütem arkaly ýurtda höküm sürmek islegi halkyň bu arzuwlaryny aradan aýryp bilmez” diýip, prezident Barak Obama aýtdy.
Adam hukuklary çylşyrymlaşdyrýar
Häzir sanksiýa meselesini çylşyrymlaşdyryp duran Eýranda adam hukuklary ýagdaýynyň ýaramazlygy. Jeza çäreleri ilkinji nobatda parahat ilata zyýan ýetirýär. Muny hem şu wagt ýurt bulagaýlyk içindekä Waşington islänok. Şol sebäpden indi täze ýollar agtarylýar.
Senator Joseph Liebermanyň pikiriçe sanksiýalar Tähranyň jedelli ýadro programmasyny togtatmanlygyna hem-de onuň adam hukuklaryny üznüksiz bozýanlygyna jogap bolmaly: “Birleşen Ştatlaryň ýanwarda ara alyp maslahatlaşjak ykdysady sanksiýalar hakdaky kanuny Eýran hökümetiniň diňe ýadro programmasy barada hoşniýetli gürleşmänligine görkezilýän reaksiýa bolmaz. Ol prezident Obama bilen Döwlet sekretary Hillary Klintony adam hukuklaryny bozýandyklary üçin Eýran ýolbaşçylarynyň garşysyna herekete geçmäge-de aýratyn hukuklar bilen üpjün eder”.
Ozal Eýrany goldap gelen Orsýet bilen Hytaýyň hem bu gezek sanksiýalaryň güýçlendirilmegine goşulmagyna garaşylýar.
“Hytaý bilen Orsýet bu gezek agzalan çärede öňkülerinden köp kömek etjege meňzeýär. Ýöne, dogrymy aýtsam, olar goldamasalar-da, Birleşen Ştatlar biziň ýewropaly ýaranlarymyz bilen birlikde bu sanksiýalary ýola goýarlar. Men bu işe gaty gynanýaryn. Ýöne prezident Obamanyň inisiatiwalaryna jogap bermän, öz başyna gowgany satyn alan Eýran hökümetiniň özi” diýip, Lieberman belleýär.