Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daniýaly suratça hüjüm eden tussag astynda


Daniýaly karikaturaçy Kurt Westergaard
Daniýaly karikaturaçy Kurt Westergaard

Şenbe güni ýaýradan ýörite beýanatynda Daniýanyň howpsuzlyk gullugy asly somaliýaly 28 ýaşly bir raýatyň daniýaly karikaturaçy Kurt Westergaardyň janyna kast etmek üçin onuň öýüne girmäge sananyşandygyny mälim etdi. Maglumata görä, bu waka Kurt Westergaardyň ýaşaýan ýeri bolan Aarhus şäherinde ýüz beripdir.

Bu hüjüme synanyşyk edilen wagty Kurt Westergaard bilen onuň bäş ýaşly agtygy öýde eken. Ýöne olara ýörite gaçybatalga görnüşinde ýasalan otaga girip, hüjümçiden gizlenmek başardypdyr. Karikaturaçy Westergaardyň otagyň içinde berkidilen ýörite signala basmagy bilen, tiz wagtdan polisiýa işgärleri onuň öýune gelip ýetipdirler.

Maglumata gorä, polisiýa işgärleri eli paltaly we pyçakly hüjümçiniň aýagyndan atyp, ony dessine tussag edipdirler.

Daniýanyň howpsuzlyk gullugy bu hüjümiň terrorçylykly häsiýetdäki hüjümdigini aýdyp, tussag edilen hüjümçiniň adam öldürmek synanyşgynda aýyplanjakdygyny mälim etdi. Ýöne Daniýanyň howpsuzlyk gullugy ýurdun şahsy syrlar baradaky kanunyna salgylanmak bilen, häzirklikçe bu hüjümçiniň adyny aýan etmekden saklanýar.

Terrorizm bilen baglanyşykly…

Howpsuzlyk gullugynyň bu barada ýaýradan beýanatynda: «Karikaturaçy Kurt Westergaardy öldürmek üçin edilen synanyşyk terrorizm bilen baglanyşykly. Bu wakada tussag edilen adam Somaliýadaky Al-Şebab atly terror guramasy we, şol sanda, Gündogar Afrikadaky Al-Kaýda toparynyň ýolbaşçylary bilen hem arabaglanyşykly hasaplanylýar» diýlip, bellenilýär.

Bu resmi maglumata görä, asly somaliýaly bu hüjümçi indi köp wagtdan bäri howpsuzlyk gulluklarynyň gözegçiliginde eken.

Daniýanyň resmileri karikaturaçy Kurt Westergaarda bu wakanyň birneme ruhy sarsgyn berendigini, emma oňa hiç hili fiziki zeper ýetmändigini mälim etdiler.

Kurt Westergaarda näme üçin hüjüm edilýär?

Kurt Westergaard Daniýanyň «Jyllands Posten» gazetinde çap edilen Muhammet pygamberiň 12 sany tankydy karikaturasyndan biriniň awtory. Bu çap edilen karikaturalary köp musulmanlar öz mertebelerini kemsitmek hökmünde kabul edipdiler. Ol suratlar Owganystan, Pakistan we Nigeriýa ýaly käbir musulman ýurtlarynda gazaply seslenmelere we ýykan-ýumrançylykly protest çykyşlaryna sebäp bolupdy. Şol protestleriň barşynda bolsa onlarça adam heläk boldy.

2006-njy ýylda şol suratlaryň çap edilmeginiň yzy bilen Daniýanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalaryna hüjümler gurnaldy, käbir musulman ýurtlary bolsa Daniýanyň önümlerini satyn almakdan ýüz öwürdi.

2006-njy ýylda «Jyllands Posten» gazeti özüniň bu karikaturalary çap edendigi üçin ötünç sorap, çykyş etdi. Emma, şol bir wagtyň özünde-de, Ýewropanyň käbir beýleki gazetleri ol suratlary gaýtadan çap etdiler.

Westergaardyň jany howp astynda

Muhammet pygamberi sellesinde bomba duran görnüşinde çeken Kurt Westergaarda yslamçy ekstremistler ençeme gezek ölüm howpy bilen haýbat atypdylar. Käbir habar serişdeleriniň maglumatyna görä bolsa, yslamçy söweşijiler onuň kellesi üçin bir million dollar sylag goýupdyrlar.

Jenap Westergaardyň janyna abanýan howp göz öňünde tutulyp, onuň Aarhus şäherindäki öýi polisiýanyň berk gözegçiligi astynda goralyp gelinýär. 2008-nji ýylda tunisli iki adam Daniýadaky karikaturaçylaryň janyna kast etmäge taýýarlyk görýänlikde güman bildirilip, tussag edilipdiler. Ýöne ahyrky netijede olaryň günäsi subut edilmän, olar azatlyga goýberilipdi.

Daniýanyň hökümeti öz syýasatyny bu ýurtdaky çap edilen karikaturalar bilen asla baglanyşydyrmaýar. Ýurduň hökümeti azat mediýada beýan edilýän zatlaryň jogapkärçiligini öz üstüne alyp bilmejekdigini aýdyp, yslam temasyndan çap edilen karikaturalar üçin ötünç soramakdan hem ýüz öwrüpdi.
XS
SM
MD
LG