Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Döwletabat-Sarahs-Hangiran turbasy işe girýär


Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmadinejad öz ýurdunda dowam edýän syýasy dartgynlylyga garamazdan, goňşy Türkmenistana sapar edýär. 6-njy ýanwarda Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhmedow we Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmadinejad ýurtlar arasynda gurlan täze gaz geçirijisiniň açylyş dabarasyna gatnaşarlar.

G.Berdimuhamedow üçin simwolik ähmiýete eýe bolan bu waka Türkmenistanyň gaz eksportynda Moskwadan garaşsyzlygyny güýçlenýänligini görkezýär.

Orsýetiň syýasy barlaglar institutyndan syýasaty öwreniji Aždar Gurdowyň pikirine görä, Eýrana tarap täze gaz geçirijisiniň işläp başlamagy şu çaka çenli diňe Orsýete, soňky döwürde Hytaýa hem elýeterli bolan Türkmenistanyň Günorta-Gündogar energiýa ätiýaçlyklaryna baka indi Eýrana hem ýol açylanlygyny aňladýar.

“Orsýet üçin bu belli bir derejede agyr ýagdaý. Sebäbi Eýrana gaz akdyryljak bu regiondan mundan öň diňe Orsýete gaz akdyrylýardy. Şonuň üçin Merkezi Aziýanyň, şol sanda Türkmenistanyň, gaz bazaryndaky bäsdeşlik diňe güýçlener” diýip, Aždar Gurdow aýtdy.

Nähili mümkinçilikler bar

Döwletabat-Sarahs-Hangiran gaz geçirijisi doly güýjüne girensoň, ol Eýrana akdyrylýan türkmen gazynyň mukdaryny häzirki 8 milliarddan ýylda 20 milliard kubometre ýetirmäge mümkinçilik berer.

Eýranyň ýylda harç edýän energiýasynyň ýarsy tebygy gaz arkaly üpjün edilýär. Türkmen gazy Eýranyň demirgazyk bölekleriniň üpjünçiligi üçin möhüm bolup durýar. 2008-nji ýylyň başynda Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda gazyň nyrhy üstünde ýüze çykan dawa örän sowuk gyşyň ortasynda Eýranyň demirgazyk welaýatlaryny ýylylykdan mahrum edipdi.

Täze gaz geçirijisiniň işe girizilmegi ýurtlaryň ikisi üçin hem amatly pursat döretdi. 1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargaly bäri Türkmenistanyň gaz eksportynyň azyndan 90 prosenti Orsýetiň gaz geçirijileri arkaly akdyrylypdy.

Eýrana tarap gurlan we 1997-nji ýylyň aýagynda işläp başlan uzynlygy 200 kilometrlik Körpeje-Gurtguýy gaz geçirijisi türkmen gazynyň ilkinji alternatiw eksport ýoly bolupdy. 2009-njy ýylyň dekabrynda Türkmenistandan Hytaýa tarap hem täze gaz geçirijisi açyldy.

Orsýetiň täsiriniň gelejegi nähili bolar?

Türkmenistan boýunça regional ekspert, Ankarada ýerleşýän strategik barlaglar Institutynyň ýolbaşçysy Mehmet Seýfetdin region boýunça goňşulary we dünýäniň iri döwletleri bilen syýasy we ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek arkaly Türkmenistan gaz meselesinde Orsýetiň täsirine garşy göreşýär diýip, pikir edýär.

2009-njy ýylyň başynda Türkmenistanyň Orsýete 50-60 milliard kubometr gaz satmak boýunça ylalaşyklary bardy. Emma aprel aýynda Orta Aziýa-Merkez gaz geçirijisinde bolan partlamanyň yzýany gaz eksporty kesilipdi.

Geçen ýylyň dowamynda Türkmenistandan Eýrana 8 milliard kubometre golaý gaz akdyrylypdy. Dowletabat-Sarahs-Hangiran gaz geçirijisiniň açylmagy bilen birlikde ýakyn geljekde Türkmenistanda ýylda Hytaýa 40 milliard, Orsýete 30 we Eýrana hem azyndan 14 milliard kubometr gazy akdyrmak mümkinçiligi dörär.

Türkmenistanyň hökümeti birnäçe ýylyň dowamynda ýurduň eksport ugurlaryny köpeltmek maksadyny yglan edipdi. Geçen ýylyň aýagynda we 2010-njy ýylyň başynda täze gaz geçirijileriniň işe girizilmegi ýurduň yglan eden maksatlaryna golaýlanlygyny görkezdi.

Eýran üçin bähbidi

Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň Eýran üçin bähbidi goşmaça mukdarda türkmen gazyny satyn almak bilen çäklenmeýäne meňzeýär. Tähran öz ýadro programmasy sebäpli sanksiýalara sezewar bolup gelýär.

Türkmenistan bilen täze gaz söwdasy, halkara sanksiýalaryna garamazdan, Tährana öz daşary syýasatyny alyp barmaga we söwda dolanşygyny amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Ahmedinejad Türkiýaniň daşary işler ministri Dawutogly bilen Eýranda duşuşýar, 20-nji noýabr, 2009-njy ýyl.
Tähranyň daşary syýasatynyň has uly maksatlary göz öňünde tutýan bolmagy-da ähtimal. Geçen ýylyň awgust we sentýabr aýlarynda Eýranyň habar beriş serişdeleri Tähranyň Ankara bilen täze ylalaşyklarynda turkmen gazynyň Eýranyň üstünden Türkiýä akdyrylmagynyň hem göz öňünde tutulýanlygyny habar beripdiler.

Şonda Eýranyň habar beriş serişdeleri heniz zerur gaz geçirijisi bolmasa-da, Eýranyň üstünden Türkiýä ýylda 35 milliard kubometr gazyň akdyryljagyny mälim edipdiler.

Türkmen gazynyň Eýranyň üstünden Türkiýä eksport ediljekdigi baradaky mesele Türkmenistanyň habar serişdelerinde kommentirlenmändi.
XS
SM
MD
LG