Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

H.Klinton: Ýemendäki Al-Kaýda global howp döredýär


ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton 4-nji ýanwarda eden çykyşynda Al-Kaýdanyň Ýemendäki aktiwliginiň ýurduň özüne hem tutuş Ýakyn Gündogara wehim salýanlygyny aýtdy.

Ol: “Biz Ýemendäki urşuň we Al-Kaýdanyň Ýemendäki hereketleriniň global derejedäki täsirini hem onuň regionyň daşynda terrorçylykly hüjümlere esas bolýanlygyny görýäris” diýip, nygtady.

Hillary Klinton bu barada Döwlet departamentinde Kataryň premýer-ministri Hamad Bin Ýassim Jabr al-Tani bilen duşuşygynyň yzýany eden şykyşynda belledi.

Iki döwletiň wekilleri bu çykyşlarynda käbir beýleki meseleler bilen bir hatarda, geçen onýyllygyň dowamynda birnäçe içerki uruşlary başdan geçiren Ýemeni durnuklaşdyrmak meselesini hem ara alyp maslahatlaşandyklaryny mälim etdirler.

Ýemen Al-Kaýda garşy tijenýär

Hillary Klintonyň çykyşynyň iki sagat öňýany Ýemeniň häkimiýetleri ýurduň paýtagty Sananyň golaýynda geçirilien operasiýalarda Al-Kaýdanyň iki söweşijisini öldürendiklerini yglan etdiler.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary öz nobatynda Ýemeniň hökümetiniň regiondaky Al-Kaýda toparyna garşy edýän tagallalaryny makullady, emma, şol bir wagtda-da, ol potensial howpuň çakdanaşa uludygyny bellemek bilen, şu aýyň dowamynda Londonda boljak duşuşykda halkara jemgyýetçiliginiň Ýemeniň hökümetine basyş etmekçidigini aýtdy.

“Halkara jemgyýetçiliginiň Ýemene açyk diýmeli wagty geldi. Hökümete berilýän ýardamlaryň öz şertleri bar, onuň netijelerine hem garaşylýar. Hökümet Ýemeniň we regionyň ilatyny parahatçylyk hem durnuklylyk bilen üpjün etmäge has uly mümkinçilik döretmek üçin hereket etmeli” diýip, Hillary Klinton nygtady.

Amerika üçin göni howplar

Ýakynda Ýemendäki Al-Kaýda topary 25-nji dekabrda Amsterdamdan ABŞ-nyň Detroit şäherine barýan uçary partlatmak synanyşygynda öz eliniň bardygyny yglan edipdi.

Synanyşykda şübhelenýän 23 ýaşly nigeriýaly Umar Faruk Abdulmutallab amerikan uçarlaryna münmekligi gadagan edilenleriň sanawynda bolmasa-da, öz wagtynda ABŞ-nyň howpsuzlygyna wehim salyp biljek şahslaryň hatarynda durýardy.

Amerikan resmileriniň aýtmaklaryna görä, Abdulmutallabyň atasy öz oglunyň radikallaşanlygyny we onuň zorluga baş goşmagynyň ähtimaldygyny Nigeriýanyň häkimiýetlerine mälim edipdir. Abdullmutallabyň özüni bu işe çekenler we taýýarlanlar barada derňewçilere zerur maglumatlary beren halatynda, Ak Tam onuň işine federal graždan sudunda garalyp, oňa has ýumşak jezanyň beriljekdigini bildirdi.

Geçen ýekşenbe güni ABŞ terrorçylykly hüjümleriň howpy sebäpli özüniň Sanadaky ilçihanasyny ýapdy. Munuň yzýany bolsa, Beýik Britaniýa bilen Fransiýa hem bu göreldä eýerdiler.

Prezident Barak Obamanyň milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisiniň terrorçylyk meseleleri boýunça wekili Jon O.Brennan NBC telekanalynda çykyş edip, ABŞ-nyň bu meselede başga çykalgasynyň bolmanlygyny aýtdy.

Amerikan resmisi Birleşen Ştatlaryň Sanadaky ilçihanasynyň ýapylmagyny Al-Kaýdanyň edip biljek hüjümlerinden diplomatlary we ilçihananyň işgärlerini goramak maksady bilen düşündirdi.
XS
SM
MD
LG