Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjanly aktiwistler Günbatara ýüzlenýärler


Azerbaýjanyň Sabirabad raýonynyň ýaşaýjylary protestde. 5-nji ýanwar, 2010
Azerbaýjanyň Sabirabad raýonynyň ýaşaýjylary protestde. 5-nji ýanwar, 2010

Azerbaýjandaky söz azatlygyny goraýan Komitet ynsan hukuklaryny gödeklik bilen bozan we bozýan Azerbaýjanyň hökümet resmileriniň Ýewropa barmagyna gadagançylyk girizilmegine çagyryp, dünýä liderlerine we halkara guramalaryna şu hepde ýüz tutdy.

Komitetiň koordinatory Şahweled Çopanoglunyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, türmede oturan žurnalist Eýnulla Fatullaýewe garşy açylan täze jenaýat işi bilen bagly 4-nji ýanwardaky maslahatda täze karar k
abul edilipdir.

«Biz ynsan hukuklarynyň goragy nukdaýnazaryndan Azerbaýjanyň bu barada boýun alan borçlaryny ýerine ýetirmeýänligini göz öňünde tutup, adam hukuklarynyň gödek bozulmagyna dahylly bolan Azerbeýjan resmilerine Ýewropa döwletlerine sapar etmäge rugsat berilmezligine çagyryş edýäris. Şeýle-de Ýewropa Geňeşini Eýnualla Fatullaýewe ýöňkelen aýyplamanyň derňelmegini hem onuň erkinlige goýberilmegini Azerbeýjan hökümetinden talap etmeklige çagyrýarys” diýip, Çopanoglu belledi.

Tussaglykdaky žurnalistden neşe tapylýar…

Ýakynda, 29-njy dekabrda Fatullaýewiň kowşünden hem eşiginiň işliginden iki gram geroiniň tapylmagy bilen onuň garşysyna täze jenaýat işi gozgaldy. Şondan soňra bu žurnalist ozalky saklanylýan türmesinden Bakuwdaky izolýatora geçirilipdir.

Ynsan hukuklaryny goraýjy Arzuw Abdyllaýewa Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde bu žurnalistiň erkinlige goýberilmegi üçin ýurduň içinde hem daşynda bar bolan ähli mümkinçiliklerden peýdalanylandygyny aýtdy. Ol Fatullaýewiň mysalynda hukuk goraýjy aktiwistlere hem-de žurnalistlere garşy şeýle toslamalaryň ulanylmagynyň täsirsiz mehanizmdiginiň belledi.

Bu soňky aýyplamalaryň esasynda “Gündelik Azerbaýjan” we “Real Azerbaýjan” gazetleriniň düýbüni tutan we oňa redaktorlyk edip gelen, häzir türmede oturan Eýnulla Fatullaýewe garşy täze jenaýat işi gozgaldy. Žurnalist bolsa, bu tapylan neşe maddalarynyň kime degişlidigini bilmeýändigini aýdýar.

Bu soňky waka Ýewropa sudunda Abdyllaýewiň işine garalyp başlanmagyna hem gabat geldi. Žurnalistiň aklawcysy Intikam Alyýewiň pikiriçe, Ýewropa sudunda žurnalistiň azatlyga goýberilmegi hakynda kararyň kabul ediljegine şübhe ýok.

“Narkotik meselesi bilen bagly meseläniň garaňky taraplary bar, olar aýdyňlaşdyrylmaly bolar” diýip, aklawçy Intikam Alyýew aýdýar.
XS
SM
MD
LG