Ýöne üçünji kanaldan efire beriljek telejedele oppozisiýanyň esasy wekilleriniň çagyrylmaýandygy aýdylýar.
Teledebatlara «Ru be farda» (Ertire nazar) diýlip at berlipdir, şonda berk liniýanyň tarapdarlary bilen aram syýasatyň wekilleri çykyş edýärler. Mysal üçin, 14-nji ýanwarda ozalky deputat, oppozision lider Musawiniň tarapdary Jawad Etaat Aşura güni bolan protestleri basyp ýatyranlygy üçin häkimiýetdäkileri ýazgardy, şol wakada birnäçe protestçi ölüp, ençemesi-de ýaralanypdy.
Etaat öz çykyşynda şeýle diýdi: «Mahmal rewolýusiýalar diktatura düzgünli ýurtlarda amala aşyrylýar, siz Eýranda mahmal rewolýusiýany amala aşyrmakçy bolýanlar bar diýýärsiňiz, başgaça aýdylanda, onda siz Eýranda erkin saýlawlaryň bolmandygyny ykrar edýarsiňiz hem muny gytaklaýyn tassyklaýarsyňyz. Eger-de erkin saýlawlara, demokratik prosese, bäsleşige we öz ykballaryny kesigtlemäge ýol berseler, onda adamlar näme üçin ynkylap etmek islesinler?»
Başga bir teledebatda bolsa reformaçy deputat Mostefa Kewakebian, berk liniýanyň wekili, Keýhan gazetiniň baş redaktory Hossein Şeriatmedary bilen jedelleşdi. Şonda Şeriatmedary duşmanlar bilen bilelikde ýslamy gurluşa zyýan ýetirmäge synanyşýanlykda oppozisiýany aýyplady. Oňa jogap hökmünde Kewakebian “Eger-de biz ozalky prezidentleri amerika bilen gatnaşyk saklanlykda ýa-da pitne turzanlykda aýyplasak, onda ýurtda aýplanmadyk kim galar?» diýdi.
“Debatlar gorp döretdi”
Nýu Ýorkda ýaşaýan žurnalist Roozbeh Mirebrahimi Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde «Debatlar konserwatorlaryň arasynda gorp döretdi, aramçyl syýasatyň tarapdarlary bilen konserwatorlar saýlawlardan soňra dörän krizise bir çözgüt tapmaga synanyşýarlar» diýdi.
Ol sözüni dowam etdirip ýene şeýle diýdi: «Aram syýsatyň tarapdarlarynyň göreşi netijesinde oppozisiýa-da öz pikirini aýtmaga tribunanyň berilmegi gazanyldy, ýöne hakyky oppozisiýa däl-de, prinsipçi topara ýakyn ýa-da hakyky oppozisiýanyň agzasy bolmadyk we ýaşyl hereketiň aramçyllary diýilýänler saýlanyp, debata gatnaşdyrylýar»
19-njy ýanwarda eden çykyşynda Eýranyň parlamentiniň spikeri Ali Larijany debatlar wagtlaýynça bolman, ol ýurduň döwlet habar beriş serişdeleriniň strategiýasyna öwrülmeli diýdi.
Reformaçy deputat Godrotolla Alikhani Musawiniň we saýlawlarda kandidaturasyny goýan reformaçy ruhany Mehdi Karrubiniň-de şeýle debatlara gatnaşyp, öz pikir-garaýyşlaryny beýan ederler diýip, umyt edipdir.
«Ertire nazar» ady bilen alnyp barylýan teledebatlar hepdede üç gezek geçirilip başlandy, ýöne ol häzir hepdede bir gezek efire berilýär.
Ýaşyllar hereketiniň tarapdary, howpsuzlyk sebäply adynyň agzalmagyny islmedik Tähranly student Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde şeýle debatlaryň hökümet tarapdarlarynyň gözüni açaýmagy mümkin diýdi.

Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.