Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saklanan studentler goýberilip başlandy


Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy.
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Aşgabatdaky ilçihanasy Döwlet departamentiniň programmalary boýunça bilim alýan türkmenistanly studentlere garşy türkmen häkimiýetleriniň girizen gadagançylygynyň ýatyrylandygyny mälim etdi.


Ilçihananyň resmisiniň tassyklamagyna görä, 23-nji ýanwarda amerikan programmalary boýunça bilim alýan studentlerden 3-si, 24-nji ýanwarda ýene 7-si, şu gün irden bolsa 39-sy Bolgariýa gidipdir.

Ilçihananyň metbugat sekretary ýene bir studentiň ýakyn wagtlarda Bolgariýa ugradyljakdygyny mälim etdi.

Geçen ýylyň tomsunda daşary ýurtlarda bilim alýan studentleri hasaba almak boýunça Türkmenistanda täze girizilen düzgünleriň çäklerinde amerikan programmalary boýunça Bişkekde bilim alýan ýaşlardan 50 töweregine Gyrgyzystana gitmeklik gadagan edilipdi.

Bu ýüze çykan wakadan soň, amerikan tarapy bu studentleri Bolgariýadaky Amerikan Uniwersitetine geçirmekligi karar etdi. Emma oktýabryň başynda olaryň Bolgariýa ugradylmagyna hem Türkmenistanyň häkimiýetleri garşy çykdylar.

22-nji ýanwarda geçirilen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlygy geňeşiniň maslahatynda, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň işlerindäki ýetmezçilikler sebäpli bu edaranyň ýolbaşçysyna ýurduň prezidenti nägilelik bildiripdi. Ýöne bu nägileligiň studentleriň goýberilmezligi bilen baglanşygynyň bardygy ýa-da ýokdugy barada resmi maglumat berilmedi.

Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky ilçihanasy Türkmenistanyň häkimiýetleriniň häzirki kabul eden kararyny oňyn ädim hökmünde kabul edendigini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG