Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Homeýniniň sürgünden dolanmagyna 31 ýyl doldy


Eýranyň prezidenti M.Ahmedinejad yslam režimini esaslandyran aýatolla Homeýniniň sürgünden ýurda dolanyp gelmeginiň 31 ýyllygy mynasybetli çykyş edip, Eýran yslam režimi dünýä möçberinde bir topar ýurdy ruhlandyrdy diýdi.

«Homeýniniň Parižden ýurda dolanyp gelmegi täze bir döwrüň başlangyjy boldy» diýip, Ahmadinejad nygtady. Onuň sözlerine görä, Homeýniniň ýurda dolanyp gelmegi adamzat üçin täze penjireleriň açylmagyna, dünýä imperializminiň soňuna çykylmagyna sebäp boldy.

Aýatolla Homeýniniň ýurda dolanyp gelmeginden tä ABŞ-nyň goldaw berýän patyşalyk režimi agdarylýança bolan aralykdaky 10 günde 1-nji fewraldan 12-nji fewral aralygynda Eýranda ynkylabyň 31 ýyllygy mynasybetli dürli dabaralar hem çäreler geçirilýär. 11-nji fewrlada hökümetiň tarapdarlarynyň gatnaşmagynda resmi dabara geçiriljek.

Häzir Eýranda saýlawlardan soňra dörän ýagdaý sebäpli köpler Ahmedinejadyň hökümetinden nägile, 1979-njy ýyldaky rewolýusiýadan soňra bolsa ýurtda syýasy taýdan iň erbet krizisli ýagdaý höküm sürýär.

Eýranyň oppozision syýasy partiýalarynyň agzalary hökümete garşy protest demonstratsiýalaryna gatnaşmaga çagyryş etdiler, bu bolsa hökümetiň resmi dabaralaryna gabat gelýär. Emma Ahmadinejad syýasy krizisiň döremegine öz hökümetiniň sebäp bolandygy baradaky pikiri ret edýär.

Döwlet telewideniýesi oňa salgylanyp, Eýran sistemasynyň mundan ozal hiç haçan bolmadyk derejede güýçli hem durnuklydygyny, Eýran halkynyň bolsa göz öňünde tutýan maksatlaryna ýetmek üçin tutanýerli hereket edýändigini öňe sürdi.

Sesleri sem ediş

Prezident ýurtda durnuklylyk höküm sürýär diýse-de, häkimiýetler oppozisiýanyň tarapdarlarynyň protest demonstrasiýalaryny basyp ýatyrmagy dowam etdirýärler, olaryň maksady hökümete garşy çykýanlaryň seslerini sem etmekden ybarat.

Hepde soňunda protestlerde tussag edilenlerden 16-nyň garşysyna sud işi gozgaldy, olrdan bäşisine «Hudaýa garşy urş edenler» diýen günä ýöňkeldi, beýle günä üçin bolsa ölüm jezasy berilýär. Ýarym resmi “Fars” habar agentligi bolsa tussagda goşmaça 150 protestçiniň saklanylýandygyny mälim etdi. Şeýlelik bilen Aşura wakasy bilen bagly tussag edilenleriň sany 450-den gowrak diýip, habar berilýär.

28-nji ýanwarda «Hudaýa garşy urş etdiler» diýip, häkimiýetler iki adamyny dardan asdylar. Ýöne olaryň iýun aýyndaky saýlawlardan öň tussag edilendigi aýdylýar.

Eýranyň howpsuzlyk güýçleri 11-nji fewrala planlaşdyrlan hökümete garşy şygarlar bilen çykyş etmekçy bolýanlaryň öňüni almak ugrundaky aladalaryny dowam etdirýärler. Hepdäniň soňunda ýaýradylan beyannamada aýdylyşyna görä, howpsuzlyk güýçleri hökümete garşy protestlere gatnaşanlaryň kimligini film ýa-da surat arkaly tanap, tussag edipdirler.
XS
SM
MD
LG