Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

MTS profilaktika geçdi


Türkmenistanda internet prowaýderleriniň biri bolan MTS 2-nji fewralda internet ulgamynda profilaktika geçdi.

Türkmenistanda jemi 3 sany internet prowaýderi bar. Olar Türkmentelekom, MTS hem-de «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk ulgamydyr.

Şu ýylyň 1-nji fewralyndan «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk ulgamynda 3G ulgamynyň girizilmegi bilen, internetiň tizligi sekuntda 1MB-ta çenli ýetirildi. Özi hem bu prowaýderiň müşderilerine edýän teklipleri elýeterli hasaplanýar.

Beýleki prowaýderler bolan Türkmentelekomyň internetiniň tizligi sekuntda 40KB bolsa, MTS-iňki sekuntda 460KB-dir.

MTS 2-nji fewralda internet ulgamynda profilaktika işlerini amala aşyrdy. Irden sagat 8-00-dan öýlän 17-00 aralygynda geçirilen profilaktikadan soň, MTS-iň abonentleri ýene-de internet ulgamyndan arkaýyn peýdalanyp başladylar.

Profilaktika çärelerinden soň, MTS prowaýderiniň internetiniň tizligi öňkä garanyňda artdy.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG