Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günbatar Eýranyň wadalary boýunça seresap


5-nji fewralda Mýunhende geçirilen howpsuzlyk meselelerine bagyşlanan halkara konferensiýasynda Eýran tarapynyň öz ýadro programmasy boýunça ylalaşyga gelinjekdigi baradaky optimistik garaýşyny günbatar ýurtlary seresaplyk bilen kabul etdiler.

Bu konferensiýada çykyş eden Eýranyň Daşary işler ministri Monuçer Mottaki Eýrana zerur bolan urany daşary ýurtlarda baýlaşdyrmak meselesinde ylalaşyga gelinmegiň gowy perspektiwalarynyň bardygyny belledi.

Günbatar ýurtlary Eýranyň ýadro ýaragyny döretmäge synanyşýandygy babatda alada bildirip, urany daşary ýurtlarda baýlaşdyrmak teklibini öňe sürdüler. Eýran bolsa ýadro programmasyny diňe parahatçylykly maksatlar üçin amala aşyrýandygyny aýdýp gelýär.

Mýunhende geçirilýan konferensiýa gatnaşjakdygyny yglan edeninde Eýranyň DIM-niň ýolbaşçysy çykyş edip, şeýle diýdi: “Häzir biz ähli taraplaryň kabul edip biljek jemleýji ylalaşygyň taýýar bolmagyna ýakynlaşdyk.”

Şeýle hem ol bu baradaky ylalaşyga ýakyn wagtda gelinjekdigini, bu mesele bilen bagly Atom energiýasy boýunça halkara guramanyň täze ýolbaşçysy Ýukiýa Amano bilen gepleşik geçirmegi planlaşdyrýandygyny mälim etdi.

Şol bir wagtda hem Manuçer Mottaki bu babatdaky ylalaşyga gol çekiljek wagtyny anyklamady.

Skeptiki garaýyşlar

Germaniýanyň daşary işler ministri Gwido Westerwelle 6-njy fewralda konferensiýada eden çykyşynda Mottakiniň sözlerine skeptiki garaýşynyň bardygyny ýaşyrmady: “Biz henize çenli Eýrana elimizi uzadýarys, emma biziň şol uzadan elimizi gysýan ýok. Gynansagam, men bu mesele bilen bagly garaýşymy özgerdip biljek täzeligi görmedim. Eger hyzmatdaşlygymyzda öňegidişlik bar bolsa, Eýran tarapynyň bu barada aýdan sözleri takyk hereket bilen berkidilmeli.”

Şeýle hem Westerwelle Eýranyň halkara atom energiýasynyň teklibini kabul edip, bu barada ylalaşyga gol çeken halatynda hem bu hereketiň Günbatar ýurtlarynyň Eýranyň ýadro programmasy babatdaky adalalaryny doly ýatyrmajakdygyny belledi.

ABŞ-nyň garaýşy

ABŞ-nyň garaýşy hem Germaniýanyňky bilen birmeňzeş boldy.

“Eýranyň ýadro programmasy bilen bagly halkara jemgyýetçiliginiň bilelikde edýän aladasyny göz öňünde tutsak, onda Eýran ýa Günbataryň talaplaryny ýerine ýetirmeli ýa-da Eýrana gaşy has berk sanksiýalar girizilmeli. Bu bolsa Eýranyň has üzňe bolmagyna getirip biler” diýip, ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Jeýms Jones aýtdy.

ABŞ-nyň goranmak ministri Robert Geýts hem Türkiýä eden saparynyň barşynda bu meseläniň çözülýändigine şaýatlyk edýan hiç bir alamatyň ýokdugyny belledi. Ýagny, Geýtes halkara jemgyýetçiligini özüniň ýadro ýaragyny döretmeýandigini ynandyrmak üçin Eýranyň hiç zat etmändigini aýtdy.

ÝB seresap

Ýewropa Bileleşigi hem Eýranyň wadalaryna seresap garaýandygyny görkezdi.

Ýewropa Bileleşiginiň Daşarky gatnaşyklar bölüminiň ýolbaşçysy Katrin Eşton Eýran Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň teklibine resmi taýdan tiz jogap berip, özüne bolan ynamy berkitmäge çalyşmaly diýip, Mýunhende howpsuzlyk meselelerine bagyşlanan konferensiýada eden çykyşynda belledi.

7-nji ferwralda, Eýranyň prezidenti Mahmut Ahmedinejat öz ýurdunyň atom gullugyna has ýokary derjede baýlaşdyrylan uran öndürmäge başlamagy buýurdy. Döwlet telewideniýesinden bu barada efire berlen gepleşikde 20 % baýlaşdyrylan uran Eýranyň zerurlyklaryny ödär diýildi.

Bu habar Eýranyň ýadro programmasy meselesinde esasy ünjüsi baýlaşdyrylan uranyň öndürilmegi bolan halkara jemgyýetçiligini has hem alada goýdy. Sebäbi Eýran urany atom elektrostansiýalaryna gerekli 20 %-e çenli baýlaşdyryp bilse, onda bu ýadro ýaraglaryny ýasamak üçin zerur bolan ýokary prosente çenli baýlaşdyrylan urany hem Eýranyň özünde öndürip boljakdygyny aňladyp biler.
XS
SM
MD
LG