Fransuz ilçisi Jean Baptiste Mattei 2009-njy ýylyň 12-nji iýunyndaky saýlawlardan soň, yslam rerspublikasynda adam hukuklarynyň ýagdaýynyň ýaramazlaşandygyny belledi: “Geçen sekiz aýda ýagdaý çynlakaý erbetleşdi. Häkimiýetler parahatçylykly, öz hukugyny goraýan adamlaryň garşysyna gandöküşikli repressiýany alyp barýarlar”.
Birleşen Ştatlar hem Eýranda bigünä adamlaryň hukuklarynyň adalatsyzlyk bilen basgylanmagyny ýazgardy.
Geçen ýylyň 12-nji iýunyndaky saýlaw tamamlanan badyna Mahmud Ahmedinejadyň ýeňiji diýip yglan edilmegi ýurtda köpçülikleýin protestlere getirdi. Sebäbi saýlaw netijeleri galplaşdyryldy diýen aýyplamalary prezident we Eýranyň ýokary derejeli beýleki resmileri inkär etdiler. Turan protestlerde iki müňden köp adam tutuldy.
Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary geňeşiniň Ženewada geçen duşuşygynda Germaniýanyň wekili saýlawdan soň bolan protestlere gatnaşanlara hökümetiň beýle zulum etmeginiň özüni gaty biynjalyk edýänligini aýtdy.
Eýranyň, Kuba we Wenesuela ýagdaýdan hoşal
Eýranyň wekilleri öz ýurtlarynda adam hukuklarynyň ýagdaýyny öwüp, günbatar döwletlerini bu meselede ikiýüzlülik edýänlikde aýypladylar. Olaryň biri 12-nji iýunda geçen saýlawlary demokratiýanyň gahrymançylykly dessany diýip öwdi.
Delegasiýanyň başlygy Mohammad Jawad Larijani: “Eýran adam hukuklaryny gorap saklamak barada hakyky we uzak möhletli çäreleri ýola goýdy” diýip, Kahrizak tussaghanasyny mysal edindi. Ol ýerde iň bärsinden üç adamynyň gynalyp öldürilendigi bilinýär.
“Bu ýerde (Kahrizak tussaghanasynda) nädogry işleriň bolandygyň üsti açylan badyna 24 sagada hem ýetirilmän, bu tussaghana ýapyldy. Haýyş edýärin, muny Guantanamo we Abu Graib bilen bir deňäp görüň. Olar şular ýaly gysga wagtyň içinde ýapyldymy ýa ýok?” diýip, Larijani sorag berdi.
Birnäçe ýurtlar, şol sanda Kuba we Wenesuela Eýranda adam hukuklary ýagdaýyny gorap çykyş etdiler. Ors wekili hem Eýranyň sowatsyzlyga garşy alyp barýan göreşini öwdi.
“Sabyr-takat gutarar”
Ženewada ýerleşýän Geňeşde duşenbe güni geçen üç sagatlyk çekişmä gatnaşan adam hukuklary toparlary yslam respublikasynda dürli azlyklara degişli adamlara ölüm jezasynyň berilmegini, saýlawdan soň tutulanlaryň urlup-ýenjilmegini, žurnalistleriň tussag edilmegini aýratyn belläp, ýiti tankytladylar.
12-nji fewral güni Nobel Parahatçylyk baýragynyň laureaty Şirin Ebadi bütin dünýäni kömege çagyrdy: “Eýranda ýagdaý şeýle dowam etse, men duýduryş berýärin, şeýle bir gün geler, ýaşlar hökümetiň gazaply hereketlerine çydap bilmezler. Olaryň sabyr-takaty gutarar. Men öz ýurdumdaky ýaşlary haçana çenli parahatçylykly demonstrasiýalara çagyryp gezeýin. Ertir giç bolar diýmek bilen edil şony aýdýaryn. Eýranda adam hukuklarynyň pajygasy ýüz berer”.