Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident hakdaky kitap üç dilde


Şu günler ýurduň jemgyýetçilik guramalarynyň gurnamagynda edara-kärhanalarda, bilim ojaklarynda «Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk» atly kitabyň rus, iňlis we nemes dillerindäki nusgalarynyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirilýär.

Bu kitabyň türkmen dilindäki nusgasy iki aý mundan öň çap bolupdy. Gysga wagtyň içinde Türkmendöwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary poligrafik usulda eýýäm üç dilde aýry-aýry nusgada neşir edilen bu eseriň şöhraty gaty belentlere aşýar.

Rus, iňlis we nemes dillerinde neşir edilen bu kitabyň ilkinji tanyşdyrylyş dabarasy 18-nji fewralda Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň aktlar zalynda geçirildi. Bu dabara ýurduň hökümetiniň agzalary, Umumymilli «Galkynyş» hereketine girýän jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik missiýalaryň we halkara guramalaryň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

«Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk» atly kitabyň birinji bölüminde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhammet Annaýew hakynda söhbet edilýän bolsa, onuň beýleki bölümlerinde ýurduň prezidentiniň alyp barýan daşary hem-de içeri syýasaty barada gürrüň berilýär.

Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň aktlar zalynda geçirilen «Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk» atly kitabyň üç dildäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamy indi ýurduň ähli edara-kärhanalarynda dowam etdirilýär.

Kitaby ýazan kimkä? Tanyşdyrylyş dabaralarynda ähli kişini hut şu sowal hem gyzyklandyrýar.

«Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk» atly kitabyň awtory Türkmenistanyň halk ýazyjysy Täçmämmet Jürdekow. Awtor bu eseri üçin geçen ýyl Türkmenistanyň prezidentiniň «Türkmeniň altyn asyry» baýragyna—bir müň amerikan dollaryna mynasyp hem boldy.

Muňa garamazdan, tanyşdyrylyş dabaralarynda kitabyň awtory hakda ýekeje agyz-da gürlenilmeýär. Munuň-da esasy sebäbi kitabyň awtoryna däl-de, eseriň gahrymanlaryna has köp ünsüň çekilmegini gazanmak üçin diýlip düşünilýär.
XS
SM
MD
LG