Gurban Berdiýewiň bu futbol ýaryşyna resmi çagyrylandygy baradaky habar türkmen janköýerlerini juda begendirdi.
2008-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Aşgabatda «Olimpiýa şäherjiginiň» taslamasynyň tanyşdyrylyş dabarasyna gelip bilmändigi üçin Gurban Berdiýew bilen ýurduň çinownikleriniň arasynda sowuklyk emele gelipdi.
Şondan soň Gurban Berdiýew hem-de onuň trenerlik edýän komandasy «Rubin» barada ýerli mediada agzamaklyk düýbünden gadagan edilipdi.
28-nji fewralda «Altyn asyr» telekanalynyň «Watan» habarlar gepleşiginde Gurban Berdiýewiň bary-ýogy bir sekuntlyk keşbi görnüp gitdi. Şol bir sekuntda teletomaşaçylar «Rubiniň» tälimçisiniň «Türkmenistan» telekanalynyň habarçysyna futbol ýaryşy barada interwýu berip durandygyny görüp ýetişdiler.
Ekranda Gurban Berdiýewiň bary-ýogy bir sekuntlyk keşbiniň görkezilmegi çinownikleriň ony heniz doly bagyşlamaýandyklarynyň alamaty diýip, ýerli synçylar aýdýarlar.
Emma «Rubiniň» tälimçisiniň Türkmenistanyň prezidentiniň kubogyny almak ugrundaky halkara futbol ýaryşynyň final oýnuna resmi çagyrylmagy türkmen mediasynda Gurban Berdiýew bilen bagly habarlaryň ýene-de berlip başlanmagyna rugsadyň açylaýmagynyň ähtimaldygyny görkezýär.

Ей Ынсан! Китай вакцинасынынг тасир етмеги 50% ден хем аз, онгадам хич хили делил йок
1,000 (müň) manat diýýän unuňyzyň bir kilogramy müň manatmy ýa 100 (ýüz) kilogramy? Ýa bir tonnasymy?
Azatlykda aýlyklar barada çykan habardan soňra, Lebaba Aşgabatdan barlag ýollandy Hamala, Azatlyk habar beripdir, onsoň Aşgabatdan barlag barypdyr. Bäh, ýatan ýeriňizden gahryman bolasyňyz gelyaray siziň.