Bu ýagdaý öňki SSSR-e girýän döwletleriň hemmesinde diýen ýaly uly problemalaryň biri bolup durýar. Soňky ýyllarda, bu döwletleriň birnäçesi harby pudagy reforma etmekde Günbatar Ýewropanyň we ABŞ-nyň tejribelerini ulanyp başladylar. Muňa mysal edip, Gürjüstanda we Ukrainada geçirilýän harby reformalary görkezmek bolar.
Ýöne, gynansagam, Türkmenistan, häzire çenli harby güýjüni, köneçe ýöredip, ählumumy harby çagyryş düzgünini ulanyp gelýär. Onuň netijeleri bolsa hemmä aýdyň. Ene-atalar başarsalar, ogullaryny harby çagyryşdan dürli ýollary ulanyp, alyp galýarlar. Bu hem harby komissariatlarda korrupsiýanyň döremegine getirýär. Eli ýuka maşgalalar bolsa çagalaryny harby gulluga mejbury ibermeli bolýarlar. Saparmyrat Nyýazowyň ýurdy dolandyran ýyllary harby gulluga maýyp oglanlara çenli çagyrylýardy. Olara çopançylyk ýa-da daýhançylyk işlerini etdirerdiler. Türkmenistanda mugt talabançylyk düzgüni ulanylýardy.
Türkmen esgerleriniň harby taýýarlygam gaty pesdi. Goňşy döwletler bilen deňeşdirerden has yzdady. Täze hökümetiň iş başyna gelmegi bilen bu meselede birneme öňe ädimler ädilen-de bolsa, düýpli üýtgeşmeler edilmedi. Ýakyn günlerde, mart aýynyň aýagynda, ýene täze harby gulluga çagyryş başlanar. Gulluga geljek ýigitleriň öňünde bolsa ýene şol öňki çözülmedik problemalar keserer.
Şertnamalaýyn gulluk
Bu ýagdaýdan nähili çykalga bar? Günbatar döwletleriň, ylaýtada ABŞ-nyň tejribelerine seretsek, olaryň harby güýçlerinde-de şuňa meňzeş problemalar öň duş gelýän eken. ABŞ-nyň tanymal ykdysatçysy, Nobel baýragynyň eýesi Milton Fridman 1967-nji ýylda şol wagtky prezident Riçard Niksonyň administrasiýasynda harby reforma geçirmek hakynda komissiýanyň döredilmegini gazanýar. Komissiýa Geýts ýolbaşçylyk edipdi. Milton Fridman öz kärdeşi Walker Oi bilen ählumumy harby çagyrylşyň ykdysady taýdan döwlete gymmat düşýänligini we eger-de şertnamalaýyn gulluk sistemasyna geçilse, diňe ykdysady däl, eýsem harby güýjüň hem professional derejesiniň ýokarlanjakdygyny subut edýärler. Ykdysatçylary bu meselede ABŞ-nyň guryýer goşun bölüminiň serkerdesi, general Mahwel Turman hem goldaýar. Ol 1980-nji ýyllarda “Professional esgerler söweşiň çäginde” diýen kitabyny hem ýazýar.
Milton Fridmanyň we onuň pikirdeşleriniň öňe süren teoriýasynda "az bolsun, uz bolsun" ideýasy ýatyrdy. Onuň pikiri şeýle: “Üç esgeriň işini bir esger ýerine ýetirmeli. Ol hem eden işi üçin mynasyp hak almaly. Esgerleriň aýlygy adaty işgärleriň gazanjyndan pes bolmaly däl. Goşun gullugyna diňe öz islegi bilen sagdyn, höwesjeň ýigitler kabul edilmeli. Şertnamalaýyn gulluk esasan hem garyp maşgalalara bähbitli bolar. Ol maşgaladaky ýigitleriň aljak gazançlary özlerine hem ene-atasyna goldaw bolar”.
Fridmanyň we Oiniň taýýarlan programmalary 1973-nji ýylda kabul edilýär. Şol ýyldan başlabam ABŞ-da 1948-nji we 1973-nji ýyllar aralygynda dowam eden ählumumy harby çagyrylyş ýatyrylýar. Şertnamalaýyn gulluk ýurtda güýçli depgin bilen ornaşyp başlaýar. Häzirki gün, ABŞ-nyň harby goşuny dünýäde iň güýçli diýip hasap edilýär. Onuň gysga wagtda şeýle derejä ýetmeginde şertnamalaýyn gulluk uly rol oýnady. ABŞ-nyň tejribesini Ýewropa döwletlerem alyp göterdiler. Germaniýa Ýewropada ilkinjileriň hatarynda şertnamalaýyn gulluk sistemasyna geçen ýurtdur. Şu günler Ýewropanyň hemme döwletleri şertnamalaýyn sistemasynda ýaşaýar. Ykdysatçy Milton Fridmanyň teoriýasyndan indi Aziýa we Afrika döwletlerem peýdalanyp başladylar.
Hiçden – giç ýagşy!
“Hiçden – giç ýagşy” diýlişi ýaly, Türkmenistanda hem harby goşun gullugynyň şertnamalaýyn sistemasyna geçmeli. Ony şu günden girizip başlaňda-da, azyndan üç ýyl, onuň doly işläp başlamagyna bolsa bäş ýyl töweregi gerek bolar. Oňa çenli gulluga çagyrylyş düzgünine üýtgeşmeler girizmeli. Ilki bilen täze gulluga çagyrylýan ýigitlere olaryň öz ýaşaýan ýerlerinde gulluk etmäge ygtyýar berilmeli. Gullugyň möhletini bir ýyla getirmeli. Şeýle tejribe Ukrainada, Gazagystanda, beýleki goňşy döwletlerde eýýäm girizilen. Ýokary okuw jaýyny gutaran ýaşlary harby gullukdan boşatmaly. Hepdäniň her şenbe we ýekşenbe günleri, esgerleri ene-atalarynyň ýanyna, öýlerine gitmäge we harby taýýarlaýyş sapaklaryndan soň, dynç wagtlary el telefonlaryny ulanmaga rugsat etmeli. Eger şeýle üýtgeşmeler geçirilse, onda harby komissariatlardaky korrupsiýa we harby birikmelerdäki esgerlere berilýän zorluk-sütem aradan aýrylyp gider.
Türkmenistanyň harby güýjüne düzedişler girizmeli. Bitaraplyk statusyndan we Birleşen Milletler Guramasynyň Düzgünnamasyndan, ýagny onuň 42-44-45-46-47-nji maddalaryndan ugur alyp hem-de Baş Assambleýanyň 1981-nji ýylyň 9-njy dekabrynda XXXVI sessiýasynyň 36/103 rezolýusiýasynda “Interwensiýa ýol bermezlik we döwletleriň içki ýagdaýyna goşulmazlyk“ we 1987-nji ýylyň 18-nji noýabrynda 42/22 rezolýusiýasy bilen kabul edilen jarnamalara esaslanyp, harby goşunyň sanyny azaltmaly.
Azerbaýjan Ermenistan bilen ýiti konfliktiň barlygy sebäpli harby goşunyny ýylsaýyn köpeldip we oňa goýberilýän puly artdyryp gelýär. Biz goňşy döwletler bilen duşmançylygymyzyň ýoklugyny nazarda tutup, aýgytly hereket etmeli. Bu işleri geçirmezden öň ilki bilen Türkmenistanyň ýerleşişini, ýagny onuň geosyýasy ýagdaýyny nazarda tutup hem-de serhetleşýän döwletleriň syýasy pozisiýalaryny göz öňünde tutup, serhet çäklerini mäkäm berkitmeli.
Uzyn araçäkleri nädip goramaly?
Türkmenistanyň Eýran yslam döwleti bilen bir müň, Owganystan bilen 800 kilometrden gowrak aralyk serhedi bar. Owganystanda döwlet gurluş sistemasynyň gowşaklygyny nazarda tutup hem-de onuň serhetinden kontrabanda ýoly bilen neşe serişdeleriniň bikanun geçirilmeginiň öňüni almak üçin Goranmak ministrliginiň gury ýer goşun güýjüni azaldyp, şolaryň hasabyna-da, serhet goşunymyzy berkitmeli. Bu goşunda ösen tehnologiýany, harby dikuçarlaryň ulanylyşyny, kompýuter tehnologiýasyny, wideokameralary, awtoserişdeleri giňden ornaşdyrmaly. Serhet territoriýasynyň giňligi we uzynlygy sebäpli stasionar gözegçiligiň ýok ýerlerinde ýörite enjamlar ulanylmaly. Şeýle tehnologiýa ABŞ-nyň Meksika döwleti bilen serhetleşýän çäklerinde, çöl içinde giňden ulanylýar. Bu meselede bize NATO harby bileleşigi uly goldaw berip bilerdi.
Eýran döwletiniň alyp barýan syýasaty dünýä bileleşigini uly alada goýup gelýär. Ahmedinejadyň hökümetiniň “Atom Energiýasy boýunça Halkara Agentligi” (IAEA) guramasynyň görkezmelerini inkär edip, ýadro tehnologiýasyny giňden ulanmagy, “Buşer” atom stansiýasyny işe girizmäge ymtylmagy hem-de ýadro tehnologiýasyny diňe parahatçylyk programmasy üçin ulanman, eýse ondan ýadro ýaragyny döretmäge girişýänligi baradaky howatyrlanmalar Türkmenistan üçin hem howp döredýär.
Eger-de Eýran hökümeti ýadro programmalaryndan el çekmese, onda ýakyn ýyllaryň içinde BMG-niň sanksiýasy bilen dünýä bileleşigi bu meseläni öz harby güýji bilen çözmäge girişer. Şol ýagdaýda Türkmenistanyň serheti "balyk tutulýan tora" meňzemez ýaly ony şu günden başlap berkidip başlamaly. Sebäbi harby konflikt başlanda, bosgunlar bilen birlikde ownuk ýaragly toparlar serhetden geçip, serhetýaka ilatly nokatlara zyýan ýetirýärler. Şular ýaly ýagdaý dörände onuň öňüni almak üçin çalt hereket ediji, şertnamalaýyn gullukçy esgerleriň peýdasy uly bolardy.
Harby-howa we harby-deňiz güýçlerimiz hany?
Häzirki gün Hazar deňziniň Eýran bilen serhetleşýän çägi tehniki ýetmezçilik zerarly doly goralmaýar. Bu hem eýranly we türkmenistanly balykçylaryň arasynda neşe kontrabandasynyň ösmegine getirýär. Şonuň üçin peýdasyz ýatan gury ýer goşun tehnikasynyň hasabyna deňiz serhet gullugy gerek bolan tehniki enjamlar bilen üpjün edilmeli. Deňiz serhet gullugy diňe serhet çägini däl, eýsem deňizdäki nebit-gaz ýataklaryny we suwasty baýlyklarymyzy hem goramaly.
Türkmenistanyň harby güýji diňe serhet gullugy bilen çäklenmän, harby howa güýji bilen hem üpjün edilmeli. Harby howa güýji graždan awiasiýasynyň howpsuzlygyna jogap bermeli. Umumy Türkmenistanyň harby güýji serhet goşuny bilen birlikde 25 müňden ybarat bolmaly. Bu biziň bitaraplyk statusymyza-da doly gabat gelýär. Şu günki gün milli goşunymyz Içeri işler we Milli howpsuzlyk ministrlikleriniň esgerleri bilen bilelikde 100 müňden gowrakdyr. Esgerleriň we ofiserleriň sanynyň azaldylmagy ýurduň ykdysady ýagdaýyny hem ýeňilleşdirer hem-de şertnamalaýyn gullugy durmuşa geçirmäge mümkinçilik döreder. Bu hem harby ofiserleriň aýlyklarynyň ýokarlanmagyna getirer.
Köp ýurtlaryň tejribesine syn etsek, olaryň hemmesinde diýen ýaly harby goşun ýurda diňe howp abananda ýygnalýar. Mysal üçin, Kosta-Rika döwletiniň konstitusiýasynda ýurtda harby goşun saklamak gadagan edilýär. Ol diňe gerek wagtynda, bir ýurt bilen uruş yglan edilende çagyrylýar. Parahatçylyk döwri ýurduň tertip-düzgünine gözegçilik etmek polisiýanyň üstüne ýüklenilýär.
Az bolsun – uz bolsun!
Harby goşunyň azaldylmagy hazirki gün Aşgabatda hereket edýän Harby akademiýalara-da öz täsirini ýetirer. Reformalar geçirilýän döwürde bu akademiýalaryň sany bire getirilse, onda ol ýerlikli bolardy. Harby pudagyň ähli hünärleri boýunça talyplar diňe bir akademiýada okadylmaly, ol hem ýurda ykdysady bähbitlerini berer. Munuň bilen birlikde, Türkmenistan ösen Günbatar döwletleri bilen harby ugurlar boýunça gatnaşyklaryny has hem ýygjamlaşdyrsa, onda şol ýurtlaryň harby akademiýalarynda hem ýurda gerek bolan harby kadrlary taýýar edip bolar. Harby akademiýalaryň boşan ymaratlarynda ykdysadyýet, hukuk we beýleki hünärler boýunça ýokary okuw jaýlaryny açmaly, çünki parahatçylyk ugurlaryndan bilim alan ýaşlaryň geljekde jemgyýetimize ýetirjek peýdasy harby hünär alan nesiliňkiden has uly we gerekli bolar.
Biz bir zady unutmaly däl, "Sowuk urşuň" tamamlanmagy, ABŞ-da we ozalky SSSR-e giren döwletlerde ýüz müňlerçe harby ofiserleriň işsiz galmaklaryna we olaryň aglaba köpüsiniň, graždan kärleri başarmaýandyklary sebäpli iş tapman, hor-homsy bolup ýaşamaklaryna getirdi. Eger-de ABŞ-da öňki harby işgärleri parahat kärlere uýgunlaşdyrmak üçin ýörite döwlet programmalary işlän bolsa, ozalky SSSR-e giren döwletlerde olaryň ykbaly idelmedi. Çykalgasyz ýagdaýa düşen öňki harby işgärler gazanç üçin mejbury jenaýat toparlaryna goşuldylar ýa-da Çeçenistanda, Abhaziýada, Günorta Osetiýada, Garabagda, Moldowada, Owganystanda bolýan harby konfliktlere gatnaşdylar. Eger-de geljekde Türkmenistanda ykdysadyýet ýaramazlaşaýsa (Gazyň we nebitiň dünýä bazarynda bahalarynyň aşak gaçmagy muňa sebäp bolup biler.), onda şeýle ýagdaýyň biziň harbylarymyzyňam başyna düşäýmegi gaty ahmal. Bu hem Türkmenistanyň saýlan ykdysady ýoluna bagly bolar.
Türkmenistanyň şu günki döwlet ýolbaşçylary ýurdumyzyň harby pudagyny ösen döwletlerdäki ýaly ýagdaýa getirmek islesler, onda belli ykdysatçy Milton Fridmanyň "Şertnamalaýyn harby gulluga geçmek" hakyndaky teoriýasyny durmuşa geçirmeli. Eger-de Gurbanguly Berdimuhamedowyň hökümeti ony şu ýyldan başlap girizse, onda 2015-nji ýyla çenli Türkmenistanyň harby güýji döwrebaplaşyp, professional harby goşuna öwrüler.
Dünýäde yz galdyryp giden belli harby serkerdeler Aleksandr Makedonskiniň, Napoleon Bonapartyň we Aleksandr Suworowyň "Ýeňiş, köp san bilen däl-de, ýerlikli ulanylan taktikanyň üsti bilen gazanylýar" diýip tassyklaýyşlary ýaly, bizem esasy ünsi sana däl-de, taktika we strategiýa bermeli ýa-da klassyky edebiýatymyzyň eserlerine syn etsek, onda Görogly hem öz 40 ýigidi bilen patyşalaryň uly leşgerlerine garşy durup, olary ýeňip bilendigini görýäris. Dogry, bu bir hekaýat. Ýöne her bir hekaýatyňam aňyrsynda, az hem bolsa, hakykat ýatyr.
Gurbangeldi Töräýew aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.