Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«Altyn asyryň» interneti welaýatlara elýetersiz


Türkmenistanyň «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň 1-nji martdan 3G internet hyzmatlaryny müşderilerine paýlap başlamagy bilen, ýerli ýaşaýjylaryň arasynda internete bolan höwes barha artyp başlady.

Ozal Orsýetiň MTS kompaniýasynyň internet hyzmatlaryndan peýdalanýan köp raýatlar bolsa «Altyn asyryň» 3G internet hyzmatyna geçip başladylar.

Ýurduň ýaşaýjylarynyň MTS-iň internet hyzmatyndan ýüz öwrüp, «Altyn asyryň» 3G internet hyzmatyna geçmeginiň öz sebäpleri bar. «Altyn asyryň» internet hyzmaty MTS-iňkä garanyňda kän elýeterli bolmagynda galýar. Onuň bahasy hem arzan, internetiniň tizligi hem MTS-iňki bilen deňeşdireniňde kän ýokary.

Ýöne «Altyn asyryň» 3G internetine birikmeklik üçin ýurduň raýatlary käbir kynçylyklara duş gelýärler. Paýtagtlylar «Altyn asyryň» islendik nokadyna baryp, 3G internetine birigip bilmeýärler. Munuň üçin olar bu aragatnaşyk ulgamynyň düýbüne barmaly bolýarlar. Ol ýerde bolsa nobatyň köplügi zerarly, birneme kösençlik çekilýär.

Ýurduň welaýatlarynda ýaşaýan raýatlar bilen deňeşdireniňde paýtagtlylaryň ýagdaýy gowy. «Altyn asyryň» 3G internet hyzmaty heniz welaýatlaryň ýaşaýjylary üçin elýeterli däl.

«Altyn asyryň» ýerli wekillikleriniň 3G internetiniň tizara welaýatlara-da paýlanylyp beriljekdigini müşderilerine wada berýändiklerine garamazdan, kanagatsyz ýaşlar isleglerini tiz amala aşyrmak üçin paýtagta sary gidýärler. Ýöne ýaşlaryň paýtagta barybam arzuwlary hasyl bolubermeýär. Aşgabatdaky «Altyn asyryň» işgärleri propiskalarynyň paýtagta degişli däldikleri üçin olary yzlaryna gaýtarýarlar.

Emma şeýle ýagdaýda-da çykalga tapýan ýaşlaram bar. Olar paýtagtda ýaşaýan dogan-garyndaşlarynyň atlaryna «Altyn asyryň» 3G internetini açdyrýarlar we onuň hyzmatyndan peýdalanýarlar.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG