Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Arap ligasy sammitde ylalaşyp bilmedi


Arap ligasy Liwiýada iki gün dowam eden sammitde Palestina bilen Ysraýylyň arasynda parahatçylyk boýunça geçirilmeli gepleşikler hakda ylalaşyga gelip bilmedi.

Bu barada geçirilen adatdan daşary ýygnakda bu meselä garaldy, emma ylalaşyga gelnip bilinmän soň, bu tema boýunça şu ýylyň dowamynda ýene bir sammitiň geçiriljekdigi aýdyldy.

Bu duşuşygyň haçan boljakdygy hakda maglumat berilmedi.

Palestinaly ýolbaşçylar Ysraýyl tarapyndan yglan edilen we Iýerusalimiň gündogarynda gurulmagy planlaşdyrylýan 1600 töweregi täze ýaşaýyş jaýy baradaky plan ýatyrylýança Ysraýyl bilen ýüzbe-ýüz bolmadyk gepleşikleri geçirmejekdiklerini aýdypdylar.

Palestina bilen Ysraýylyň arasyndaky ýüzbe-ýüz bolmadyk gepleşikleriň başlanmagy üçin Ysraýyl bu planynya goýbolsun etmeli diýlen deklarasiýany Arap ligasyna agza käbir ýurtlar ret edenden soň, bu dokument sammitde tassyklanmady.
XS
SM
MD
LG