Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mugallymlar hem bäsleşýärler


Geçen hepdede ýurduň orta mekdepleriniň ýokary klas okuwçylarynyň arasynda döwlet derejesinde olimpiadalar geçirildi. Döwlet derejesindäki olimpiadalar predmetler boýunça bölünip, ýurduň welaýatlarynda hem-de Aşgabat şäherinde geçirildi.

«Altyn asyryň altyn zehinleri» diýen at bilen her ýylda guralýan mekdep okuwçylarynyň arasyndaky olimpiadalar jemi dört tapgyrda geçirilýär. Birinji tapgyrda okuwçylar mekdebiň içinde özara bäsleşýärler. Mekdepde öz klasynyň arasynda degişli predmetde tapawutlanmagy başaran okuwçylar etrap bäsleşigine gatnaşmaga ygtyýar alýarlar. Etrap bäsleşiginde ýeňiji bolanlar welaýat bäsleşigine gatnaşýarlar. Welaýat bäsleşiginde ýeňiji bolanlar bolsa, döwlet derejesindäki bäsleşige gatnaşmaga hukuk gazanýarlar.

Okuwçylaryň arasynda geçirilýän olimpiadalary, umuman alanyňda, bäsleşigiň içindäki bäsleşik diýip atlandyrsaň-da bolýar. Bu bäsleşikde diňe bir okuwçylar däl, eýsem mekdep mugallymlary hem özara bäsleşýärler. Mekdep okuwçylarynyň olimpiadasynda okuwçysynyň baýrakly orunlary eýelemegi mugallymlaryň klassifikasiýasyna poližitel täsir edýär. Öz okadýan okuwçysynyň etrap, welaýat, döwlet derejesindäki bäsleşiklerde baýrakly orunlary eýelemegi mugallymlaryň her bäş ýyldan geçirilýän attestasiýasynda dereje almaga ýardam edýär.

Mugallymlara bilim müdirlikleri tarapyndan berilýän dereje olaryň iş haklarynyň üstüne belli bir derejede goşant bolýar. Şonuň üçin mugallymlar olimpiadalaryň geçýän döwründe tanyş-bilişlige ýüz urýarlar. Olar olimpiadada synag alýan kärdeşlerine öz okuwçylaryna ýardam etmeklerini haýyş edýärler.

Ýeňiji bolmak

Eger etrap, welaýat derejesinde geçýän olimpiadalarda zehinli okuwçylara birinji orunlary eýelemegä mümkinçilik azda-kände bar hem bolsa, döwlet derejesindäki olimpiadalarda ýeňiji bolmalyk diňe tanyş-bilişlige bagly bolýar. Sebäbi döwlet derejesinde geçirilýän olimpiadada birinji orny alan okuwça ýurduň ýokary okuw mekdebine girmäge artykmaçlyklar döredilýär.

Döwlet derejesindäki olimpiadalarda ýeňiji bolan okuwçylaryň ählisi häzirki döwürde ýokary okuw jaýlaryna aňsatlyk bilen kabul edilip hem barlanok. Mundan on bäş-ýigrimi ýyl ozal şeýle derejedäki olimpiadada ýeňiji bolan okuwçylar üstünlik gazanan predmeti boýunça ýurduň ýokary okuw jaýyna gürrüňsiz kabul edilerdi. Emma häzirki wagtda olara şeýle mümkinçilikler ýok. Hatda, olara indi gymmat bahaly sowgatlar hem gowşurylmaýar.

Ýedi-sekiz ýyl mundan öň döwlet derejesinde geçirilýän olimpiadada birinji orny eýelän okuwça kompýuter, ikinji ýeri eýeläne bolsa saz merkezi ýaly sowgatlar berlerdi. Özem bu gymmat bahaly sowgatlar ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň adyndan gowşurylardy.

Olimpiadalaryň geçirilmeginiň maksady okuwçylaryň zehinlerini açyp, olaryň haýsy predmete has ukyplydygyny ýüze çykarmakdan ybarat bolup durýar. Emma mekdep okuwçylarynyň arasyndaky olimpiadalarda gözboýagçylyklara ýol berilmegi oňa gatnaşýan okuwçylarda bu bäsleşige bolan höwesiň ýitmegine getirýär. Şonuň üçin şeýle bäsleşikleriň gurnalyşyndan göwni galan okuwçylaryň indiki ýylda olimpiada gatnaşmakdan ýüz öwürýänleri-de tapylýar.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG