Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa ýas tutýar


Şu gün Moskwada düýn metro partlamalarynda heläk bolan 39 adamyň hatyrasyna resmi ýas güni geçirilýär. Hüjümlerde ölen 39 adamdan daşgary ýene 70-den gowrak adam ýaralandy. Olaryň hem ençemesi agyr ýagdaýda.

Москва скорбит: прощание на "Лубянке"
please wait

No media source currently available

0:00 0:04:21 0:00

Ors paýtagtynda howpsuzlyk çäreleri güýçlendirilip, metro stansiýalarynyň girelgelerinde elleri ýaragly polisler patrullyk edýär. Hem premýer-ministr Wladimir Putin, hem prezident Dmitriý Medwedew bu hüjümleriň aňyrsynda kimler hem ýatan bolsa, anygyna ýetip, olary öldürjekdiklerini aýtdylar.

Düýn Moskwanyň Lubýanka stansiýasynda merhumlaryň hatyrasyna gül goýan Medwedew: “Bu adamlara biz adam diýip bilemzok. Olar wagşy haýwanlar. Olary bu işe iteren näme hem bolsa, edýan işleri her bir kanun, her bir ahlak boýunça jenaýat. Men olary tapyp, dargatjakdygymyza şek-şübhe edemok” diýdi.

Ilkinji partlama Lubýanka stansiýasynda bolup, 23 adamyň başyna ýetdi. Ors Federasiýasynyň Howpsuzlyk gullugynyň (FSB) baş edarasy-da şu stansiýanyň edil ýokarsynda ýerleşýär.

Ondan 40 minut soň "Park kultury" stansiýasynda partlan ikinji bombada 12 adam öldi, dört adam hem soňra keselhanada aradan çykdy.

Kim etdi?

Ors häkimiýetleriniň aýtmagyna görä, bu hüjümleri amala aşyran iki sany janyndan geçen zenan. Hujumleriň jogapkärçiligini üstüne alan topar entek ýok. Ýöne FSB-niň başlygy Aleksandr Bortnikow hüjümçileriň Demirgazyk Kawkaz bilen ilteşiklidigini görkezýän alamatlaryň bardygyny aýtdy.

Orsýetiň Daşary işleri ministri Sergeý Lawrowyň aýtmagyna görä, hüjümleriň ýola goýulmagy üçin Owganystan-Päkistan serhedinde iş alyp barýan söweşijileriň kömek eden bolmagy mümkin.

Düýn Kwebekde senagat taýdan ösen ýurtlaryň ýygnanyşygy bolan G8-iň daşary işleri ministerleriniň duşuşygyna gatnaşan Lawrow: “Moskwada bolan partlamalaryň jenaýatkärleri halkara terroristik ulgamyň bir bölegi” diýdi.

“Bu zatlar terroristik hereketleri gurnaýanlar, planlaşdyrýanlar, ony maliýeleşdirýänler hiç bir ýerde özüni howpsuz duýmaz ýaly halkara derejesinde edilýän tagallalaryň sazlaşdyrylmagynyň, güýçlendirilmeginiň zerurdygyny görkezýär. Bu bir global terroristik ulgam. Biz bu halkara terrorizmine garşy diňe halkara arkalaşygy, aýratyn-da Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan gelnen kararlar esasynda göreşip bileris” diýip, Lawrow aýtdy.

Halkara jemgyýetçiligi bu hüjümleri ýiti ýazgardy. Amerikan prezidenti Barak Obama jenaýatkärleri suda çekmekde öz ýurdunyň Orsýete kömek etjekdigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG