Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polşa özüne gelmäge synanyşýar


Şenbe güni ýurduň ençeme syýasy, harby we dini ýolbaşçylary bilen birlikde prezident Leh Kaçinskiniň tragiki ýagdaýda aradan çykanlygy zerarly Polşa entegem adaty ýagdaýa doly dolanyp bilenok.

Poland Mourning
please wait
Embed

No media source currently available

0:00 0:01:15 0:00
Hökümet ýurduň ençeme elitasynyň heläk bolmagy netijesinde dörän boşlugy çalt doldurmaga synanyşýar. Premýer-ministr Donald Tuskyň edarasy ykdysadyýetiň durnuklylygyny howpsuzlandyrmak üçin özleriniň Merkezi Bankyň täze başlygy bilen aragatnaşygy üzmän saklaýandykalryny habar berdi.

Prezidentiň uçarynyň Smolenskide heläkçilige uçramagy netijesinde Polşanyň milli durmuşynda möhüm rol oýnaýan ençeme adam aradan çykdy. Uçarda prezident Leh Kaçinskiden we onuň aýalyndan daşgary 94 adam, şol sanda Polşanyň goranmak we daşary işler ministrleriniň orunbasarlary, parlamentiň başlygynyň orunbasary, merkezi bankyň başlygy, şeýle hem harby ýolbaşçylar bardy.

Waşingtonda Birleşen Ştatlaryň Döwlet Sekretary Hillary Klinton bu adamlaryň aradan çykmagyny uly ýitgi diýip atlandyrdy: “Ilçiniň aýdyşy ýaly, aradan çykanlaryň köpüsi Polşany gaýtadan erkinlige çykaran Raýdaşlyk hereketiniň gujur-gaýratly tarapdarlarydy. Olar uly miras galdyrdylar. Bu miras müdümi ýaşar”.

Warşawada ýerine ýetiriji prezidentlik wezipesine gelen parlamentiň başlygy Bronislaw Komorowski özüniň konstitusiýa laýyklykda 14 günüň içinde täze saýlawlaryň geçirilmegini ýola goýjakdygyny bildirdi. Ses berişlik şondan soň 60 günüň içinde geçirilmeli.

“Halka şikes ýetdi”

Syýasy analizçi Kazimierz Kikiň pikiriçe, ýurduň ençeme şahsyýetiniň garaşylmadyk ýagdaýda aradan çykmagy Polşanyň ýaş demokratiýasy üçin synag bolup durýar. Ol: “Ýurduň institusiýalary berk, ýöne halka şikes ýetdi” diýýär.

Bu gynançly wakanyň üstüne urna bolýan Kaçinski bilen onuň ýanyndaky adamlaryň 1940-njy ýylda Sowet Soýuzynyň gizlin polisiýasy tarapyndan Orsýetde öldürilen polşaly müňlerçe ofiser we intellektuallaryň hatyra gününi bellemek üçin Smolenskä barýarkalar wepat bolmaklary. Bu hadysanyň edil şol ýerde bolanlygy.

Bu sapar Polşa-Orsýet gatnaşyklaryny gowulandyrmaga goşant goşar diýlip pikir edilýärdi.

Orsýet bu tragediýa bilen baglanyşykly milli ýas gününi yglan edip, Polşa çuň ýürekden gynanç bildirdi.

Waşingtonda hem Döwlet sekretary amerikan halkynyň bolan waka gynanýandygyny şeýle beýan etdi: “Biz amerikanlar şu wagt we hemişe siziň gaýgy-gamyňyza goşulýarys. Ýeke polşaly amerikanlar däl, eýsem ähli amerikanlar Polşanyň gazananlaryna, Polşanyň tutan ýoluna we polýak halkyna guwanç bilen garaýarlar”.
XS
SM
MD
LG