Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bakyýew howpsuzlygyna kepil geçseler işden çekilmekçi


Gyrgyzystanyň geçiş hökümeti şu gün prezident Kurmanbek Bakyýewiň günüň ahyryna çenli tabyn bolmalydygyny, ýogsam oňa hüjüm ediljekdigini aýtdy.

Bakyýew 7-nji aprelde esgerler protestçileri oka tutandan soň Jalalabada gaçdy. Bu waka netijesinde 80-den gowrak adam öldi.

Geçiş hökümetiniň howpsuzlyk gullugynyň başlygynyň orunbasary Azymbek Beknazarow şu gün Bakyýewiň prezidentlik eldegrilmesizliginiň aýrylandygyny aýtdy.

«Ozalky prezidentiň garşysyna jenaýat işi açyldy. Eger ol şu günki ýygnakdan soň gelmese, ýörite gulluklar ony tussag etmegiň ugruna çykar» diýip Beknazarow aýtdy.

Kurmanbek Bakyýew Jalalabatda bolan metbugat ýygnagynda çykyş edip, eger geçiş hökümeti ýaragly bulugaýlygyň we talaňçylygyň togtadylmagyna, meniň we maşgalamyň howpsuzlygyna kepil geçseler, men işden çekilerin diýdi.
XS
SM
MD
LG