Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow hakdaky kitap hytaý dilinde


Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ömri we işi barada gürrüň berýän «Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk» atly kitap hytaý dilinde neşir edildi.

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Täçmämmet Jürdekowyň ýazan bu kitabynyň hytaý dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy Şanhaý şäheriniň «Sofitel» myhmanhanasynda geçirildi.

Kitaby hytaý diline Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlary terjime etdiler.

Täçmämmet Jürdekowyň galamynyň astyndan çykan bu kitap ozal türkmen, rus, iňlis, nemes we türk dillerinde neşir edilipdi.

Kitabyň sahypalarynda dokumental çeşmelere we arhiw materiallaryna esaslanan taryhy wakalar, şeýle hem Türkmenistanyň iň täze taryhynyň wakalary beýan edilýär.

Tanyşdyrylyş dabarasynda kitabyň awtory barada ýeke agyz-da gürlenilmän, esasan, eseriň baş gahrymany hakynda gürrüňler edildi.

«Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk» atly kitabyň hytaý dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar tarapyndan Türkmenistanyň prezidentine ýüzlenme kabul edildi.

Ýerli synçylar bu çärelere prezidentiň şahsyýet kultynyň mahabatlandyrylmagy hökmünde garaýarlar.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG