Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen harbylary Moskwada harby paraddan geçdiler


Türkmen harbylary Moskwada harby paraddan geçýärler. 9-njy maý, 2010.
Türkmen harbylary Moskwada harby paraddan geçýärler. 9-njy maý, 2010.

Ýekşenbe güni Moskwanyň Gyzyl meýdançasynda Beýik Ýeňşiň 65 ýyllygyna bagyşlanylyp geçirilen harby parada Türkmenistanyň hem harbylary gatnaşdylar.

Paraddan geçen Türkmenistanyň hormatly sakçylar rotasynyň öňüni bu rotanyň komandiri Pygy Baýrammyradow ak ahal-teke atyna münüp çekdi. Gyrat atly on bir ýaşar bu ahal-teke aty Türkmenistanda ýörite harby ýörişlere taýýarlanylan at.

Dogry 65 ýyl mundan ozal şu Gyzyl meýdançada şol wagtky Sowet Soýuzynyň marşaly Georgiý Žukow Türkmenistandan getirilen edil şuňa meňzeş ak ahel-teke atyna munup, Ýeňiş paradyndan geçipdi.

Moskwada geçirilen bu günki harby parada diňe ýöne Orsýetiň özünden 10.5 müň töweregi harby gatnaşdy.

Türkmen harbylary Moskwada paraddan geçdiler

x
Türkmen harbylary Moskwada paraddan geçdiler
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:42 0:00
Mundan daşary, Gyzyl meýdançadaky harby paraddan Türkmenistanyň harbylary bilen birlikde, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Ukrainanyň, Beýik Britaniýanyň, Birleşen Ştatlaryň, Fransiýanyň we Polşanyň harbylary-da geçdiler.

Gerimi uludan tutulan bu çärä tomaşa etmek üçin Orsýetiň paýtagtyna dünýä döwletleriniň 25-siniň ozalky ýa-da häzirki döwlet liderleri bardylar. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem boldy.

Bu harby parada daşary ýurtlaryň 24-sinden çagyrylan uruş weteranlarynyň hem 200-den gowragy tomaşa etdi.

Ýekşenbe güni öýlän daşary ýurtly myhmanlar Moskwanyň «Aleksandrowsk» parkyndaky näbelli esgeriň guburyna gül goýmak çäresine gatnaşdylar.
XS
SM
MD
LG