Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanyň prezidenti Waşingtona barýar


Owganystanyň prezidenti Hamit Karzaý dört günlük resmi sapar boýunça Waşingtona barýar. Ol bu saparynyň dowamynda ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama, Döwlet sekretary Hillary Klinton we Goranmak ministri Robert Geýts bilen duşuşar.

Geçen ýyl Owganystanda bolan saýlawlarda galplyklara ýol berlendigini we şol bidüzgünçiliklere daşary ýurtly wekilleriň gatnaşanlygyny aýdyp günbatary tankyt edenden soň, bu Karzaýyň Waşingtona edýän ilkinji saparydyr.

Karzayýň bu baradaky pikirleri Waşingtonyň gaharyny getiripdi.

ABŞ-nyň Owganystana müňlerçe goşmaça harby ibermegi planlaşdyrýan häzirki pursatynda Karzaý bilen amerikaly ýolbaşçylaryň arasynda çarşenbe güni Ak Tamda boljak duşuşygyň gaty möhümdigi aýdylýar.

Owganystanyň prezidentiniň metbugat wekili geçen hepde eden çykyşynda Karzayýň etjek bu saparynyň uly ähmiýete eýedigini aýdypdy.
XS
SM
MD
LG